“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

Mary şäheri Kemine köçesiniň 33-nji jaýy; 


 “TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak. 
2. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak. 
3. Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak. 
4. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek. 
5. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar. 
6. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak. 
7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary. 
8. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi. 
9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy. 
10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 
11. Maglumat ulgamlary. 
12. Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy. 
13. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak. 
14. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy. 
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. 
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 
Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
— pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary şäheri) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-si, 19-y we 20-si günlerinde geçirilýär. 
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. 
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Mary welaýaty, Mary ş., Kemine köçesi, 33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10, 4-67-80.