Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10.


Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi
 

Taýýarlygyň aşakdaky hünärleri boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat

  1. Senagat we raýat jaý gurluşygy, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  2. Gurluşyk materiallaryny we demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  3. Amaly geodeziýa, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  4. Suw upjünçiligi we lagym suwlary akdyryş, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  5. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  6. Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy we ulanylyşy
  7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  8. Binagärlik, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  10. Guýulary barlamagyň geofiziki usullary, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  11. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  12. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  13. Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl;
  14. Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy, okuwyň möhleti – 2,5 ýyl; 

Okuwlara isleg bildirýänler üçin!

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.  

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:  

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 ölçegde sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlykdan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary talap edip biler.

Nädogry berlen maglumatlary we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär:  

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • binagärlik hünäri – surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • galan ähli hünärler – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.  

Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.  

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:  

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Goşmaça soraglar üçin Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň gurlushyk_tehnikum@online.tm  resmi poçtasyna hat üsti bilen ýüz tutup bilersiňiz!

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10. telefon belgileri: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.