S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

 

 

S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada
MAGLUMAT

  1. Kitaphana we arhiw işi – 1.5 ýyl
  2. Buhgalterçilik işi – 1.5 ýyl
  3. Gidromeliorator – 1.5 ýyl
  4. Kiçi weterinar feldşeri – 1.5 ýyl
  5. Pagtany saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnology – 1.5 ýyl
  6. Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa – 1.5 ýyl
  7. Geodeziýaçy – 1.5 ýyl
  8. Aşpez-konditer tehnology – 1.5 ýyl
  9. Kompýuter torlaryny sazlaýjy – 1.5 ýyl
  10. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa – 1.5 ýyl
  11. Pagta we süýümli çig mallary gaýtadan işlemegiň operatory – 1 ýyl
  12. Aragatnaşyk operatory – 1 ýyl
  13. Elektromontýor – 1 ýyl
  14. Kebşirleýji (elektrokebşirleme we gazkebşirleme işleri) – 1 ýyl
  15. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa – 1 ýyl
  16. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi – 1 ýyl
  17. Aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen) – 1 ýyl
  18. Azyk önümlerini gaýtadan işleýän enjamlaryň operatory – 1 ýyl

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

  • pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Azyk-iýmit önümleriniň hil gözegçisi – 4 aý
  2. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji – 4 aý
  3. Aşpez – 3 aý
  4. Egriji – 3 aý
  5. Elektromontýor“ (1000 V çenli) – 3 aý
  6. Kompýuteriň operatory – 3 aý
  7. Metal gurnamlary ýygnaýjy slesar – 3 aý
  8. Läbik sorujynyň maşinisti – 3 aý
  9. Çörek bişiriji – 2 aý
  10. Bug gazançy – 2 aý

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
  • 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Nyýazow şäheriniň Daşoguz köçesiniň 8-nji jaýy,

Tel: 993 (322) 9-35-98; 993 (348) 3-22-98