Türkmen talyplary gazagystanda geçirilen olimpiadada ýeňiji boldular
Ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherindäki K.I.Satpaýew adyndaky Milli ylmy-barlaglar tehniki uniwersiteti we onuň düzümindäki T.K.Basenow adyndaky Binagärlik we gurluşyk instituty tarapyndan talyplaryň arasynda halkara onlaýn olimpiada geçirildi. Onda türkmen talyplarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Eziz Şirmedow olimpiadanyň «Inženerçilik ulgamlary we merkezleri» ugry boýunça üstünlikli çykyş edip, ikinji orna mynasyp bolmagy başardy. Adybir institutyň talyby Eziz Egemberdiýew «Gurluşyk materiallary» ugry boýunça bäsleşige gatnaşyp, üçünji orny eýeledi.
Olimpiada jemi bäş — «Gurluşyk materiallary», «Gurluşyk gurnamalary», «Inženerçilik ulgamlary we merkezleri», «Inženerçilik mehanikasy», «Ulag desgalary» ugurlary boýunça geçirildi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: http://turkmenistan.gov.tm/