TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ BILIM ULGAMYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa we rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý ýolbaşçylyk etdiler. Oňa türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň 20-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde «Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy» atly «tegelek stol» hem geçirildi. Taraplar dostlukly iki ýurduň bilim pudagyndaky oňyn hyzmatdaşlygynyň ösüşi, onlaýn bilimi ösdürmegiň esasy ugurlary, uniwersitetleriň hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmekdäki tejribesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini ozal size habar beripdik.

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/turkmenistanyn-we-russiyanyn-bilim-ulgamynyn-wekillerinin-arasynda-dususyk-gecirildi-a2ec78