TÜRKMEN OKUWÇYSY HALKARA INTERNET BÄSLEŞIGINDE ALTYN MEDALA MYNASYP BOLDY

 

Ýakynda ABŞ-da 17 ýurtdan ýüzlerçe okuwçynyň gatnaşmagynda «World Mathematics Team Championship» atly halkara internet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde türkmen okuwçysy üstünlikli çykyş edip, bäsdeşlerinden üstün çykmagy başardy.

Has dogrusy, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýan Rejepmämmet Bäbişow özüne berlen ýumuşlary ussatlyk bilen çözmegi başaryp, altyn medala mynasyp boldy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berýär.