OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA DERS BÄSLEŞIKLERINIŇ ETRAP, ŞÄHER TAPGYRLARY GEÇIRILÝÄR

 

Şu günler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýän bäsleşiklere zehinli mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi gatnaşýar. Olar mekdepde okadylýan dersler boýunça özara bäsleşýärler.

Ders bäsleşikleriniň geçişine tejribeli bilim işgärlerinden düzülen eminler toparlary adalatly gözegçilik edýäler. Şäher we etrap tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar bäsleşigiň welaýat we paýtagt derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Öňdäki orunlary eýelän okuwçylara guramaçylar tarapyndan Diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://salamnews.tm/ru/section/ylym-bilim/bilim/okuwcylaryn-arasynda-ders-baslesiklerinin-etrap-saher-tapgyrlary-gecirilyar-48fe70