ISLÄN KITABYŇY TÖLEGSIZ OKAMAGA NIREDEN ALYP BOLAR?!

 

Aşgabat şäheriniň raýatlary iňlis, rus, türk dillerindäki dürli kitaplary 21 günlük mugt almaga mümkinçilik döredildi. «Kitaphana21» atly taslamadan eýýäm ýüzlerçe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary peýdalanýarlar.

Kitap almak isleýän islendik adam, okyjy anketasyny dolduryp, isleýän kitabyny 21 günlük okamaga alyp bilerler. Okyja her gezek 1 kitap okamaga almaga mümkinçilik döredilen. «Kitaphana21» taslamasy okuwçylar, talyplar şeýle-de paýtagtymyzyň kitapsöýer ýaşaýjylary üçin hem örän peýdalydyr.

Ýeri gelende bellesek, okamak isleýän kitabyňy şäher içine eltip bermek hyzmatyny tölegli amala aşyrylýandygyny ýatladýarys.

Salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan we Bitaraplyk şaýollarynyň çatrygy «Belent» binasy, 3 gat.
Telefon belgisi: (+993) 63-89-39-56.
Instagram sahypasy: @kitaphana.21

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/islan-kitabyny-tolegsiz-okamaga-nireden-alyp-bolar!-8579a4