Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli edildi

 

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Bagtyýarlyk döwri – ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi hem-de «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde guradylar.

Netijede bäsleşige gatnaşanlaryň 17-si öňe saýlandylar.

Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň 10 talyby:

  • Atamyrat Ýazweliýew (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty),
  • Nurgözel Ýazberdiýewa, Ilmyrat Babaýew (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti),
  • Nury Sakçyýew (S.A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersiteti),
  • Süleýman Haýdarow (Türkmen döwlet medeniýet instituty),
  • Çeper Nazargylyjewa, Nowçagul Annaýewa (D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty),
  • Ogulnyýaz Allaberdiýewa (Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika instituty),
  • Sülgün Myratgeldiýewa (Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersiteti),
  • Halyl Akyýew (S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty) bar.

Bäsleşikde harby gullukçylaryň ikisi:

  • Ygtyýar Ulukow (Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy) we
  • Kakajan Çaryýarow (Türkmenistanyň Goranmak ministrligi) ýeňiş gazandy.

Başgada dürli hünärli ýaşlaryň 5-si ýeňiji boldy. Bular

  • Parahat Bazarow (tehnik, “Deniz” myhmanhanasy, Awaza milli syýahatçylyk zolagy),
  • Şatlyk Jepbarow (mugallym, Murgap etrabynyň 3-nji orta mekdebi, Mary welaýaty),
  • Hemra Durdyýew (Ak Bugdaý etrabynyň 12-nji orta mekdebiň müdiriniň bilim işleri boýunça orunbasary, Ahal welaýaty),
  • Hatyja Rejebowa (ýazyjy, «Garagum» žurnaly),
  • Bagtygül Tekäýewa (S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjysy, Daşoguz welaýaty).

Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijileriň her birine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby sowgat berildi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň döredijilik eserler bilen «Garagum» žurnalynyň sahypalarynda tanşyp bolar.

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://turkmenportal.com/tm/blog/51909/turkmenistanda-yashlaryn-arasynda-yglan-edilen-doredijilik-basleshiginin-yenijileri-belli-edildi