Türkmenistanda «Bilim» žurnalynyň elektron görnüşine onlaýn abuna ýazylmak mümkin boldy.

 

Žurnalda mekdebe çenli bilim edaralarynyň, mekdepleriň we ýokar okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň baý tejribesi paýlaşylýar. Žurnalyň sahypalarynda çagalar bagynyň hünärmenleri çagalar we olaryň ene-atalary bilen gatnaşyk guramak barada makalalary, täze we döredijilik taslamalary, wagt synagyndan geçen hem-de iň soňky usulyýet teklipleri, interaktiw oýunlar we okuw çäreleri üçin materiallary tapyp bilerler. Ene-atalar hem žurnalda özleri üçin köp peýdaly maglumatlary taparlar. Žurnal mekdep okuw jaýlarynda okuw işlerini guramak üçin usulyýet tekliplerini, dersleriň maksatnamalaryny we okuwdan daşary çäreleri öwrenmegiň iň oňat tejribelerini, mekdep olimpiadalaryna taýýarlyk görmegiň usulyýet tekliplerini çap edýär.

Žurnal ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin ösen pedagogiki tehnologiýalar boýunça materiallary neşir edýär. Mundan başga-da žurnalda okuw işiniň guralyşy, ýokary bilim boýunça häzirki zaman tendensiýalary we resminamalaryň düzgünleri barada makalalar ýerleşdirilýär.

Abuna şu web sahypada ýazylyp bilersiňiz: bilim.com.tm

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://turkmenportal.com/tm/blog/49543/turkmenistanda-bilim--zhurnalynyn-elektron-gornushine-onlayn-abuna-yazylmak-mumkin-boldy