Türkmenistanyň gündogar sebitiniň uçurymlaryna orta bilim hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy

 

Şu gün Lebap welaýatyndaky umumybilim berýän orta mekdepleri tamamlan uçurymlara orta bilim hakyndaky şahadatnama gowşuryldy.

Jeýhun.news web-saýtynyň habar bermegine görä, şu ýyl Lebap welaýatyndaky umumybilim berýän orta mekdebi okuwçylaryň 19 müň 300-den gowragy tamamlady. Bu bolsa geçen ýylkydan 1 müň 800 töweregi köpdür.

Belläp geçsek, geljekki täze 2022-2023-nji okuw ýylynda Lebap welaýatyndaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna çagalaryň 31 müň 698-siniň gelmegine garaşylýar.

Ýadyňyzda bolsa, mundan ozal, Türkmenistanyň gündogar sebitinde umumybilim berýän orta mekdeplerde 19 müň 300-den gowrak okuwçynyň gutardyş döwlet synaglaryny tabşyrýandyklary barada habar beripdik.

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://turkmenportal.com/tm/blog/48574/turkmenistanyn-gundogar-sebitinin-uchurymlaryna-orta-bilim-hakyndaky-shahadatnamalar-gowshuryldy