Türkmenistanda iňlis dili boýunça geçirilen I halkara internet olimpiadanyň ýeňijileri sylaglandy

 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça geçirilen I halkara internet olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, olimpiada dünýäniň 17 ýurdundan 600 töweregi talyp gatnaşdy. Daşary ýurtly mugallymlardyr talyp ýaşlar wideoaragatnaşyk arkaly dabara goşuldylar.

Olimpiada gatnaşan türkmen talyplarynyň 20-si birinji orna, 36-sy ikinji orna, 43-si bolsa üçünji orna mynasyp bolmagy başardy. Daşary ýurtly talyplaryň bolsa 30-sy baýrakly orna düşmegi başardy. Olaryň 7-si birinji, 6-sy ikinji, 17-si bolsa üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://turkmenportal.com/tm/blog/47660/v-turkmenistane-nagradili-pobeditelei-i-mezhdunarodnoi-olimpiady-po-angliiskomu-yazyku