Türkmenistanda I Açyk halkara internet bäsleşigi badalga aldy

 

Şu gün — 11-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça I Açyk halkara internet bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

I Açyk halkara internet bäsleşigine dünýäniň 15 ýurdundan 58 sany ýokary okuw mekdebiniň, şeýle hem Türkmenistanyň tehniki ugurly 13 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşýar.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-14-i aralygynda dowam eder. Belläp geçsek, halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçýär.

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://turkmenportal.com/tm/blog/47091/turkmenistanda-i-achyk-halkara-internet-basleshigi-badalga-aldy