Будет проведена методическая консультация

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň   2021-nji ýyl üçin ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çaganyň irki ösüşi, inklýuziw bilim hem-de çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça iş usullaryny kämilleşdirmegiň ýollary” ady bilen döwlet derejesinde wideoaragatnaşyk (onlaýn) arkaly usuly maslahat geçiriler. Oňa mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlary we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri, hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň ýolbaşçylary we Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, etrap, şäher bilim bölümleriniň mekdebe  çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary çagalar edaralary bölüminiň hünärmenleri gatnaşarlar.

Maslahatda “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 – 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny” durmuşa ornaşdyrmakda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň ediler. Şonuň ýaly-da çaganyň irki ösüşi we inklýuziw bilim bermek boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda ýokary we orta okuw mekdepleriniň maksatnamalaryny halkara iş tejribesine salgylanmak bilen kämilleşdirmek, mekdebe çenli çagalar edarasynda inklýuziw bilimi ornaşdyrmagyň usullary we ýörelgeleri, bu ugurda bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmegiň ýollary barada meseleler we tejribeler ara alnyp maslahatlaşylar.