ГОСУДАРСТВЕННЫЙ КОНКУРС

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 5-7-si aralygynda wideo aragatnaşyk arkaly mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we olaryň ýolbaşçylarynyň arasynda “Iň gowy çagalar bagy”, “Iň gowy topar otagy”, “Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri”, “Iň göreldeli terbiýeçi-usulçy”, “Iň göreldeli aýdym-saz ýolbaşçysy” atly bäsleşikleriň döwlet tapgyry geçiriler. Döwlet tapgyryna Aşgabat şäher we welaýat derejesindäki bäsleşiklerde baş baýraga mynasyp bolan mekdebe çenli çagalar edaralary we olaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar.