Объявлены соревнования между общеобразовательными школами и детскими садами Туркменистана

 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda orta mekdepleriň we mekdebe çenli bilim edaralarynyň arasynda täze bäsleşikler geçirilýär. Has takygy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşikleri yglan edildi.

Bäsleşikleriň esasy maksady Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmekden, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Bäsleşik ýaşlarda daş-töweregimizi gurşap alan tebigata bolan söýgini terbiýelemekde, ýaş nesliň ekologiya medeniýetini ösdürmekde möhüm başlangyçlaryň biri bolar.

 

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: https://turkmenportal.com/tm/blog/54113/turkmenistanyn-orta-mekdeplerinin-we-chagalar-baglarynyn-arasynda-basleshikler-yglan-edildi