Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Ylym we bilim habarlary
Türkmenistanda mekdebe çenli terbiýe we bilim edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasy işlenip düzüldi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim maksatnamasyny özleşdirmegi çaltlaşdyrjak we dünýä ülňülerine gabat gelýän bilim almagyna şertleri döretjek, çagalaryň irki ösüşi we olary mekdebe taýýarlamagy gowulandyrmagyň täze usullary ara alyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin 2020-2025-nji ýyllar üçin mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirjek maksatnama girizildi. Bu çärä bilim ministri, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başgada, ministrligiň edara binasynda mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralary hem-de mekdepler tarapyndan sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazowyň belläp geçişi ýaly, esasy maksadymyz innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak, bilim we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamak we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek arkaly, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň alyp barýan işini ösdürmekdir. Şeýlede, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde psihologiýa, pedagogika we bilim bemek usullaryny yzygiderli kämilleşdirmeklige uly orun berilýär.

Mekdebe taýýarlaýyş merkezleriniň sanyny, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynda gurnaklaryň sanyny artdyrmak hem-de milli we hereketli oýunlar arkaly çagalaryň mekdebe çenli bedenterbiýe sapaklaryny kämilleşdirmeklik örän möhüm meseleler bolup durýandygyny Milli bilim institutynyň Bölüm başlygy Ogulmaral Matalowa belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda ýiti respirator keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaklyk meselesine hem garaldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkeziniň bölüm başlygy Sülgün Berdiýewa ýiti respirator keselleriň öňüni almakda geçirilýän düşündiriş işleriniň, maslahat berilýän arassaçylyk we şahsy gigiýena düzgünlerini ýerine ýetirmekligiň we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip ýaşamaklygyň wajyplygyny belläp geçdi. Şeýlede ol, “Çagalara ir ýaşlaryndan başlap ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň edilmegi örän möhümdür. Şeýle hem, çagalaryň ösüşinde uly orun berilýän, pediatr, çaga psihology, fizioterapewt hünärmenleriň taýýarlanmagy örän peýdaly bolar” diýip goşdy.

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň orunbasary Begençmyrat Jepbarow mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksatnamasy çagalaryň dogry iýmitlenmegini hem göz öňünde tutýar diýip belledi, sebäbi çagalaryň ir ýaş döwüründäki iýmitlenişiniň häsiýeti onuň ösüşine we bütin ömri dowamyndaky saglyk ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.

Mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksatnamasynyň üstünlikli işlemegi üçin çaganyň irki ösüşine ýardam berýän köpugurlaýyn çemeleşme, şeýle hem uly ýaşly nesliň tejribesini we bilimlerini ösdürmeklik zerurdyr.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideo konferensiýa geçdi

22-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatiki akademiýasynyň uniwersitetiniň (ADA uniwersiteti) arasynda wideo konferensiýa geçdi.

Iki bilim edarasynyň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berip, taraplar bu ugurda ýerine ýetirlen işleri hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada jikme-jik maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki oňyn tejribäni nygtamak bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň berkidilýändigini belläp geçdiler. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygynyň geňeşiniň işine we Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine gatnaşmagy bellenip geçildi. Şeýle hem, dünýä bilelşeiginiň bähbitlerine degişli meseleleriň çözülmegi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren teklipleri aýratyn bellenildi.

Maslahatyň soňunda gatnaşyjylar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin iki ýurduň Prezidentlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Körpelerde arassaçylyk endiklerini terbiýelemek

Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynyň iň möhüm basgançagydyr. Çagalar bagynda körpe nesle bilim-terbiýe berilip, çagalar bilimleriň ilkibaşky esaslaryny öwrenýärler. Hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly çagalary ösdürip ýetişdirmek döwrüň talaby bolup, öňe sürülýän meseleler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesine ýetirmekden ybaratdyr.

 Milli Liderimiz her bir ýaş türkmenistanlynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ukyplarynyň hem-de zehinleriniň doly açylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli hem-de giň gözýetimli bolnmagy ugrunda köp tagallalary edýär.

  Hormatly Prezidentimiziň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, okuw-terbiýeçilik işlerini üns merkezinde goýmagy bu işleriň has hem ilerlemegine badalga berdi. Bu günki çagalar bagynyň körpesi-ertirki mekdep okuwçysy, gelejekki talyp, şeýle-de, Watanyň mundan buýana-da ösmegine, güllemegine öz goşandyny goşjak şahsyýet bolup ýetişmeli.

 Çaganyň ýaş aýratynlygyna görä, oňa arassaçylyk endiklerini hem-de jemgyýetde, durmuşda, maşgalada, çagalar bagynda öz-özüne hyzmat etmek endiklerini ösdürmek, kämilleşdirmek zerurdyr. Ata-eneler, terbiýeçiler we mugallymlar ýaş aýratynlygyna görä çaga durmuşynyň gowy taraplaryny öwretmek arkaly şahsyýeti kemala getirýärler.

 Çagalarda eýýäm 2-3 ýaşdan başlap özbaşdaklyga isleg döreýär. Mekdebe çenli döwlet bilim standartynyň “Çaganyň beden ösüşi, saglygy we şahsy gigiýenasy” bölümine laýyklykda çaganyň bedeniniň kadaly ösüşi, saglygy, hereket işjeňligi çagany okatmak üçin esasy zerurlyk hasaplanylýar. Gigiýeniki düzgünleriň endiklere öwrülmegi üçin ol çagalara has ýaşlykdan başlap öwredilmelidir hem-de çaganyň ýakyn aragatnaşykdaky adamlarynyň hemmesiniň şu endikleri berjaý etmekleri gazanylmalydyr. Çagalar baglary we maşgala agzalary edeplilikde we päkýüreklilikde çagalara nusga bolmalydyrlar. Çagalara şahsy gigiýena endiklerini el-ýüzlerini gezelençlerden soň, nahardan öň we soň sabyn bilen ýuwmak, öz şahsy süpürgiçleri bilen süpürmegi, nahar başynyň edebi körpelere çagalar bagyna gelen ilkinji günlerinden öwredilip başlanylýar.

 Çagalara aýratyn çemeleşmek bilen terbiýeçi olarda kemala gelen medeni-arassaçylyk endiklerini mydamalayk endige öwürýär. Medeni-arassaçylygyň endiklerini terbiýelemek çaganyň saglygyny berkitmäge gönükdirilendir. Çagalaryň bedeniniň dogry ösmegi üçin arassaçylyk ýagdaýynyň döredilmegi zerurdyr. Arassaçylyk endikleriniň kemala gelmegini amala aşyrmak ulularyň, ata-eneleriň, terbiýeçiniň ýolbaşçylygy astynda geçirilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda anyk, görkezme-hyýaly pikirlenmek agdyklyk edýär. Şonuň bilen baglylykda olarda arassaçylyk endikleriniň üstünlikli kemala gelmegi üçin görkezmek usulyna we düşündirmäge ýykgyn etmek bähbitli bolar. 

 Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyndaky gazanylýan üstünlikleri, beýleki ulgamlar bilen birlikde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky beýik işler ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýär. Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!


Mary şäherindäki 47-nji çagalar bagynyň 
terbiýeçi-usulçysy Jemal Ataýewa.

Sanly Ykdysadyýetiň Gadamlary

Sanly Ykdysadyýetiň Gadamlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek” atly taslamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň bilermenleri üçin sanly dolandyryş ugruna degişli gysga möhletli okuwlar başlandy. Şu ýylyň 24-nji martynda başlanan okuw 30-njy maýa çenli dowam eder.

Bu okuwlar Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen maksatlardan we wezipelerden ugur alnyp,  ýurdumyzyň ykdysadyýet boýunça ösüşlerine has-da giň gerim bermek maksady bilen alnyp barylýar.

Gysga möhletli okuwlaryň maksady ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumat-kommunikasiýa bölümleriniň ýokary bilimli hünärmenleriniň sanly ykdysadyýet boýunça bilimini ýokarlandyrmak hem-de olaryň sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklaryny we mümkinçilikleri baradaky umumy düşünjelerini berkitmekden ybarat bolup, okuwa gatnaşýan hünärmenleriň alyp barýan işleriniň durmuş bilen baglanyşykly ýollaryny güýçlendirmäge, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini ýokarlandyrmaga niýetlenilendir. Şunuň bilen baglylykda, bu okuwa ýurdumyzyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan jemi ýigrimi bir hünarmen gatnaşýar.

 Okuwa gatnaşýan diňleýjiler ýurdumyzyň dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýetde maglumat ulgamlary, maglumat howpsuzlygynyň esaslary we maglumat gorlary, ýagdaýy seljermek we dolandyryş çözgütleriniň modelleri, elektron hökümetiň tehnologiýalary, maglumatlaryň intellektual taýdan seljerilişi, maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyrylyşy, üýtgeşmeleri dolandyrmak, döwlet maliýe serişdelerini we bank pudagyny dolandyrmak, sanly dolandyryşyň kadalaşdyryjy-hukuk esaslary ýaly temalara degişli häzirki zaman düşünjeleri çuňňur özleşdirmek hem-de olar boýunça alnyp barlan işleri amaly taýdan durmuş ulgamlarynda kämilleşdirmäge ugur alarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçirilýän okuwyň dowamynda diňe öz ýurdumyzyň ussat hünärmenleri däl, eýsem daşary ýurtly hünärmenler hem göni we teleköpri arkaly okuwy guramaga gatnaşyp, ýurdumyzda okatmagyň täze tehnologiýalary boýunça diňleýjilere bilim bermäge hem-de olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga kömek berýärler.

Muňa mysal edip, akademiýanyň 2012-nji ýyldan bäri hyzmatdaşy bolan Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň maglumat gorlaryny dolandyrmak, şeýle hem döwlet dolandyryşy we gurluşy kafedralarynyň professor-mugallymlary, hünärmenleri Aşgabat şäherinde guralýan okuwyň diňleýjileri üçin Minsk şäherinden teleköpri arkaly sapak bermäge gatnaşdylar. Bu çäräniň özi okuwyň guramaçylyk gerimini giňeltmek bilen, döwletara gatnaşyklarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär.


Şöhrat Ussanepesow

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky 

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi. 

Türkmenistan gazeti, 2020-nji ýylyň 7-nji apreli. Sişenbe 

Talyplaryň 3-nji açyk matematika olimpiadasy

Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna degişli döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň çäginde geçirilýän dürli bäsleşikleriň ýaş nesliň bilimli-terbiýeli, ylymly-hünärli bolup ýetişmeginde ähmiýetli orny bardyr. Mart aýynyň soňky ongünlüginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary bilim ulgamy boýunça talyplaryň arasynda 3-nji açyk matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyz boýunça ýokary okuw mekdeplerinden 181 talyp, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri boýunça, şol sanda Günorta Koreýa, Argentina, Bolgaryýa, Russiýa, Belarussiýa, Türkiýe, Gresiýa, Ukraina, Özbegistan, Rumyniýa, Wýetnam, Hytaý ýaly döwletleriň 25-siniň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 108-si gatnaşdy. Olimpiada iňlis dilinde alnyp baryldy.  Talyplar dört sagadyň dowamynda çylşyrymly mysallardyr meseleleri çözmek boýunça ýekelikde hem-de toparlaýyn görnüşde bäsleşdiler. Seýitnazar  Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň  Döwlet  energetika institutynyň talyplary daşary  ýurtly talyplar bilen birlikde, internet arkaly guralan bu bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Netijede, olimpiadanyň jemleri boýunça ýekeleýin bäsleşikde iň ýokary görkeziji bilen gazanylan 27 altyn medalyň 15-sini, toparlaýyn bäsleşikde gazanylan altyn medallaryň 3-sini türkmenistanly talyplar, galan 2-sini bolsa Russiýanyň we Özbegistanyň talyplaryndan düzülen toparlar eýeledi.

       Ýekeleýin bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Myrat Çäşemow, Döwran Nurgeldiýew hem-de Myrat Sapaýew dagy A derejede, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Perman Iljanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby  Akmyrat Tirkeşow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Jepbar Asgarow we Kadyrberdi Annabaýew B derejede aýratyn  tapawutlanyp, altyn medala mynasyp boldular. Olimpiada gatnaşyp, degişli orunlary eýelän talyplara diplomdyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.