Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwaty
01.06.2020 23:06

1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler guraldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, biziň döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri, ösüp gelýän nesil barada aladalar babatynda BMG-niň esas goýujy taglymlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk senenamasynyň sanawyna girizildi.

Bu ýörelgeler BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda 1989-njy ýylda kabul eden Konwensiýasynda berkidilendir, Türkmenistan ony 1994-nji ýylda tassyklap, ýaşajyk raýatlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde özüniň ýokary jogapkärçiligini subut etdi. Türkmen jemgyýetiniň gadymdan gelýän ynsanperwerlik gymmatlyklary, islendik döwürde hem möhüm ähmiýete eýe bolan ruhy ýörelgeleri we ahlak garaýyşlary bu syýasatyň esasyny düzýär.

Häzirki wagtda bu ýörelgeler eneligiň we çagalygyň durmuş kepilliklerinde hem-de hukuk taýdan goraglylygynda, çagalaryň saglygyny goramagyň giň gerimli ulgamynyň döredilmegine, doly derejeli terbiýe we bilim almagyna, her bir çaganyň durmuşda üstünlik gazanmagy üçin deň derejeli başlangyç mümkinçilikleri üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagalar babatynda alyp barýan oňyn syýasaty ösüp gelýän ýaş nesliň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna hem-de ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda, hemmetaraplaýyn — beden, intellektual, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň höweslendirilmegine ýardam edýär, halkymyzyň, şol sanda körpe türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, jemgyýetçilik gurluşynyň hem-de şahsyýetiň kemala gelmeginiň düýp binýady bolan maşgalany hemmetaraplaýyn goldamak bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Çaganyň hukuklarynyň gürrüňsiz berjaý edilmegi milli kanunçylygyň we durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny tassyklady.

“Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrýan her bir işimiziň, belent tutumlarymyzyň, köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendigini aýdyň tassyklaýar” diýip, milli Liderimiz ýurdumyzyň körpelerine iberen Gutlagynda belleýär.

“Biz dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ählumumy tagallalary birleşdirmäge çalyşýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady. Ol çaganyň irki ösüşi we olary okatmak ulgamynda oňyn netijelere ýetmek üçin ygtybarly syýasy binýady üpjün etmekde yzygiderli tagallalary üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallyk bildirip, ÝUNISEF-niň geljekde hem bu işleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Bilim ministrligi bu guramanyň wekilhanasy bilen bilelikde mekdebe çenli ýaşly çagalaryň arasynda «Meniň bagtly maşgalam» ady bilen bäsleşik geçirýär, oňa şu gün badalga berildi. Ýurdumyzdaky bir müň ýetmiş bäş sany mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde terbiýelenýän körpeler bir aýlap dowam etjek bu bäsleşige gatnaşýarlar.

Çäräniň guramaçylary belli bir ölçegler boýunça ýeňijileri kesgitlemän, her bir çaga öz zehinini açmaga mümkinçilik döretmek, soňra bolsa çagalaryň çeken suratlarynyň onlaýn sergisini geçirmegi, olary ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň internet sahypalarynda çap etmek, şeýle hem ýörite surat toplumlaryny we kitapçalary bezemek üçin peýdalanmak kararyna geldiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin göwnejaý şertler döredilendir. Çagalar baglarynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri we sport zallary, başlangyç kompýuter sowatlylygy we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin okuw otaglary bar.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz bu çärelere körpe türkmenistanlylaryň çekilmegini aýratyn wezipe hökmünde öňde goýýar. Ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketi giňelýär, ýaş türgenleriň hatarlary artýar, olar halkara sport bäsleşiklerinde Türkmenistanyň abraýyny belende göterýärler.

Sagdyn bolmaga hukuk — munuň özi diňe bir ynsanyň esasy hukuklarynyň biri bolman, döwletiň hem baýlygydyr, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertidir. Zähmete ukyply ilatyň saglygy ýurdumyzyň şu gününiň abadançylygynyň, çagalaryň saglygy bolsa röwşen geljegiň kepilidir. Häzirki döwrüň çagalary –ertirki uly adamlardyr hem-de olar üçin sagdyn durmuş gurşawynyň döredilmegi ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň binýady bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, çagalaryň saglyk ýagdaýy durmuş, biologiýa, ekologiýa şertleri hem-de medeni-bilim binýady bilen kesgitlenilýär. Tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman barlaghana enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen we internete birikdirilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin estetiki hem-de çeper döredijilik merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar, dynç alyş düzümleri ösdürilýär.

«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi paýtagtymyzda guralan baýramçylyk çäreleriniň merkezine öwrüldi. Bu ýerde dürli oýun attraksionlaryndan başga-da, çagalaryň ünsüni özüne çekýän köpöwüşginli bezegi bolan kitap neşirleriniň sergisi, çagalar döredijilik toparlarynyň we sirk artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çagalaryň gülküleri, şatlykly sesleri joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşyp, seýilgähde özboluşly joşgunly pursatlary emele getirdi.

Asfaltyň ýüzünde surat çekmek bäsleşigine we beýleki sport çärelerine islendik çaga gatnaşyp bildi. Körpelere datly tagamlaryň we doňdurmalaryň hödürlenmegi baýramçylygyň has-da täsirli pursatlaryna öwrüldi.

Paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsi» çagalar seýilgähinde, «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde çagalar hem-de ene-atalar üçin köpçülikleýin baýramçylyk ýörişleri guraldy. Şunuň ýaly çäreler ýurdumyzyň welaýatlarynyň dynç alyş merkezlerinde hem ýaýbaňlandyryldy.

Körpeleriň ygtyýaryna hiňňillikleriň we beýleki attraksionlaryň berilmeginden başga-da, çagalar we mekdep okuwçylary üçin dürli bäsleşikler geçirilip, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Ýaşajyk sazandalaryň, tansçylaryň çykyşlary, ertekileriň gahrymanlary bilen guralan oýunlar, sport bäsleşikleri, dürli sergiler baýramçylyk çäreleriniň şatlygyny artdyrdy.

Tutuş ýurdumyzy gurşap alan baýramçylyk çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegine gatnaşan Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagalar üçin guralan dabaralaryň gyzykly we peýdaly geçmegi, çagalara dürli nygmatlaryň hödürlenmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berdiler.

Çagalary goramagyň halkara güni diňe bir körpeler üçin şatlykly we şowhunly çäreler bolman, eýsem, jemgyýetimizde çaganyň hukuklaryny berjaý etmek, oňa hormat goýmak meseleleriniň zerurdygyny alamatlandyrýan wakadyr. Munuň özi abadan we adalatly jemgyýetiň kemala gelmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Ýurdumyzda bu baýramçylyga has-da ähmiýet berilýär. Ol nesilleriň arabaglanyşygyny we ruhy taýdan ýakynlygyny alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesdigini, çagalaryň üns-alada bilen gurşalmalydygyny wajyp wezipe hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimize söýgüsi çäksiz bolan körpe nesiller milli Liderimiziň paýhasly ýörelgelerinden ruhlanyp, özleri hakynda edilýän alada tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň çagalaryň sazlaşykly ösüşi barada aýdanlary körpelere bolan ynamyny, olaryň mähriban Watanymyzyň geljekki ösüşine bolan goşandyna buýsanjyny mälim edýär. Häzirki döwrüň körpeleri nurana geljegi gurujylardyr. «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwatydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Ösüp gelýän ýaş nesillere ak ýollary arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ilkinji nobatda, Watany tüýs ýürekden söýmelidigini, ululara hormat goýmalydygyny, pederlerimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerini, halkymyzyň köpasyrlyk däplerini aýawly saklamalydyklaryny we sözüň doly manysynda hakyky watansöýüji bolmalydyklaryny ündeýär.

Aşgabatdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde şu gün baýramçylyk çäreleri geçirildi, bu ýerde terbiýelenýän körpeler merkeziň dürli gurnaklarynda we bölümlerinde ele alan ukyp-başarnyklarynyň netijelerini görkezdiler. Olar bu merkezde dürli ugurlar: daşary ýurt dillerini öwrenmekden başlap, suratkeşlik endiklerini, binagärlik başlangyçlaryny özleşdirmek ýaly gurnaklara gatnaýarlar. Tansçylyk, saz sungaty, milli saz gurallary, amaly-haşam sungaty, halyçylyk, modelirlemek we beýleki ugurlar boýunça çagalar hünär başlangyçlaryny öwrenýärler. Çagalaryň ençemesi bolsa birbada birnäçe gurnaga gatnaýarlar.

Köşgüň öňündäki meýdançada çagalaryň el işleriniň we özboluşly döredijilik gözlegleriniň netijelerini beýan edýän sergi, tans toparlarynyň, sazandalaryň çykyşlary guraldy.

Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Hut çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň düýpli häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri, durmuşa ukyplylygy we maksada okgunlylygy binýat bolýar.

Bu bolsa ilkinji nobatda maşgaladan başlanýar. Söýgini, özüne berilýän ünsi we aladany duýýan çagalar başgalaryň şatlygyna we gaýgysyna şärik bolmaga endik edýärler hem-de özi we ýakynlary üçin jogapkärçiligi duýýarlar, köp öwrenmäge ymtylýarlar.

Ene-atasyz galan çagalar hakdaky aladany döwletimiz öz üstüne aldy. Ol çagalaryň uly we agzybir maşgalada özlerini gerekli duýmaklary we mähir bilen gurşalmaklary üçin zerur şertleri üpjün edýär. Munuň özi diňe bir durmuş goldawy bolmak bilen çäklenmän, türkmen halkynyň möhüm ruhy-ahlak ýörelgeleriniň biridir.

Häzirki döwürde şunuň ýaly ynsanperwerlik dessurlary çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek we goramak ýaly toplumlaýyn hukuk kepilliklerini, şeýle hem hossarsyz çagalaryň durmuş ulgamyna çekilmegine, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga, çagalaryň döredijilik işjeňliginiň ösdürilmegine hem-de ýokary ahlak gymmatlyklary, watansöýüjilik esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen birnäçe durmuş maksatly çäreleri öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hossarsyz çagalaryň döwlet tarapyndan üpjünçiligine aýratyn üns berýär. Şeýle hem paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olara şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli milli Liderimiziň adyndan sowgatlar gowşurylýar. Şeýle waka bu ýerde 18-nji maýda ýurdumyzda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň gününde geçirildi.

Şu gün hem «Döwletliler köşgünde» «Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary» ady bilen bu ýerde terbiýelenýänleriň döredijilik çykyşlary boldy. Ýurdumyzda ähli çagalar üçin öz ukyplaryny açyp görkezmek, döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli bäsleşiklere, halkara festiwallara gatnaşmak üçin zerur mümkinçilikler döredildi.

Mähriban Watanymyzy wasp edýän joşgunly aýdymlar, halk sazlary we häzirki zaman kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Bagtyýar çagalar aýdym-sazlarynyň, şahyrana setirleriniň üsti bilen atalyk aladasyny edýän hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty milli ruhy gymmatlyklara we umumadamzat ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyzda, sebitde we tutuş dünýäde adamlaryň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde milli Liderimiziň strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenen we ählumumy gün tertibine girizilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan çärelerde «Ähli ýaşdaky adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek we abadançylygyna goldaw bermek» hem-de «Hemmeleriň tutuş ömrüniň dowamynda ählumumy we ýokary hilli bilimi üpjün etmek, okatmagyň mümkinçiliklerini höweslendirmek» ýaly maksatlar öz beýanyny tapdy.

Bu ugurlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ägirt uly netijeleri gazandy we çagalaryň saglygyny goramakda, bilim ulgamynda belent sepgitleri eýeledi. Ýurdumyzda köpugurly ýörite lukmançylyk edaralarynyň giň ulgamy döredildi. Umumy bilim berýän, ýöriteleşdirilen, çeperçilik we sport mekdepleri häzirki zaman derejesinde enjamlaşdyrylýar.

Ýetginjekleriň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklary üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, döwlet düzümlerinde toplumlaýyn wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça temmäkä garşy göreş strategiýasy işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Çagalykdan başlap, sagdyn durmuş ýörelgelerine we sporta söýgi ösdürilýär. Ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň ösdürilmegine gönükdirilendir. 3-nji iýunda ýurdumyzda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni bellenilýär. Munuň özi ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine çekilmegine mynasyp goşantdyr.

Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň ähli körpe nesillerine, olaryň hukuklaryna we bähbitlerine bagyşlanandyr. Ýaşlar hakdaky alada jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Türkmenistan bu meselelere hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşýär. Köp çagaly maşgalalara täze jaýlaryň berilmegi döwlet tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylda 8 we ondan-da köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly atlary berilýär.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman «Ene mähri» lukmançylyk merkezleri guruldy. Şolarda ilata diňe bir ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek bilen çäklenilmän, eýsem, iri ylmy merkezler, çaganyň we enäniň saglygynyň berkidilmegine, maşgalanyň meýilnamalaşdyrylmagyna gönükdirilen barlaglary alyp barýan düzüm bolup durýar.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Hususan-da, ýurdumyzyň ähli çaganyň saglygyny goraýan düzümleri BSGG-niň bilermenleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanan «Çaga hoşmeýilli garamagyň hassahanasy» diýen ýokary derejä mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda lukmançylyk kömegini bermek babatda belent sepgitler eýelendi. Keselleriň sanynyň azalmagy, şeýle hem çagalaryň immunizasiýa derejesiniň ýokary bolmagy şeýle üstünlikleriň hatarynda durýar.

Tutuş ýurdumyzda çagalar üçin ajaýyp sagaldyş merkezleri guruldy. 2-nji iýunda olar tomus möwsüminde dynç alýan çagalary kabul edip başlar. Bu ýerde çagalaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, beden taýdan işjeňliginiň artmagy, döredijilik ukybynyň ösdürilmegi üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Çagalar hakdaky aladany giň, asylly we ygtybarly ugur hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş syýasatynyň dürli ugurlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda we bilim ulgamynda möhüm özgertmeleriň başyny başlaýjy bolup durýar.

Bagtyýar çagalyk — bu biziň ertirki güne ynamymyz, biziň geljege bolan batyrgaý garaýşymyzdyr we buýsanjymyzdyr. Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleri oňa gatnaşyjylara şatlykly we ýatdan çykmajak pursatlary eçilmek bilen çäklenmän, Watanymyzyň kuwwatynyň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi.

Beýleki habarlar
Bilim ulgamynda innowasiýalar: uzagara bilim tehnologiýalary

Ýurdumyzda orta we ýokary bilim ulgamlarynda uzagara bilim guramak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar, bu ugurdaky halkara tejriesi işjeň öwrenilýär.

Türkmeinistanyň Minist...

Türkmenistanda Ylymlar güni bellenildi

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn g...

Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz inst...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de onlaýn teleköpri arkaly geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp gü...