Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Ministrlik habarlary
Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurymlar üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Olar şanly senä — döwletimiziň daşary syýasat derejesiniň 25 ýyllyk senesine beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda özbaşdak durmuşa gadam goýýarlar. 

Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan dürli ders hem-de döredijilik bäsleşikleriniň  ýeňijileri halkymyzyň watançylygyň we jebisligini, milli gymmatlygymyza çäksiz hormata şaýatlyk edýän üstünliklerimizi hem-de gazananlarymyzy alamatlandyryp, asmana uzap belentde buýsanç bilen parlaýan ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň etegine gül desselerini goýdular. 

Şu ýerde hem uçurymlar, olaryň mugallymlary hem-de ene-atalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagyny diňlediler.   

«Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak — Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň abadan geljegi üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan ýaşlarymyzyň belent borjy we esasy maksady bolmalydyr. Siz ata-babalarymyzyň beýik däplerini mynasyp dowam etdirip, geljekde özüňiziň bilimiňiz, ukyp-zehiniňiz bilen eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz» diýlip, Gutlag hatynda aýdylýar. 

Döwlet Baştutanymyz ylym hem-de bilim kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtap, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bilim bermek işine gatnaşýanlaryň hemmesiniň mümkinçiligini açmagyň we amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň daýanjy bolmaly, onuň şöhratyny artdyrmaly ýaşlaryň zehininiň hem-de aň-bilim kuwwatynyň hakyky gülläp ösmeli döwrüdir.  

Okuw ýyllarynda dürli sport ýaryşlarynda mekdebiň abraýyny gorap,   ol ýa-da beýleki ders boýunça bäsleşiklerde ýeňip, döredijilik bäsleşiklerinde hem-de çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, tapawutlanan  mekdep okuwçylary hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.  

Soňra 2020-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolarda okuwçylaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna hoşniýetli sözler hem-de arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan berk, ruhy taýdan belent, ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary durmuş ýoluna atarýan terbiýeçilere aýratyn hormat bildirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek belleýşi ýaly,  Diýarymyzyň ylym we bilim ulgamynyň özgerdilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim düzümleri döredildi, bu ulgamda iň täze usullary özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. 

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň täze binalary guruldy. Bilim edaralaryny  okuw kitaplary we gollanmalar bilen üpjün etmek, halkara ölçeglerine kybap gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. 

Ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, umumybilim berýän mekdepleriň gurulmagy dowam edýär. 

Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen ylym-bilim ulgamynyň özgertmeleri mekdepleriň durmuşyna möhüm täzelikleri ornaşdyrdy. Mekdepleriň 12 ýyllyk bilim berilmegine geçirilmegi, okuw işlerine ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagy abraýly halkara ders bäsleşikleriniň baýrak eýeleriniň sanynyň artmagyna, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar hem-de gaznalary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine getirdi. 

Munuň şeýle bolmagyna sapaklaryň tertibine binýatlyk dersler bilen deň hatarda, ykdysadyýetiň esaslary, modelirleme hem-de grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly dersleriniň girizilmegi hem ýardam berdi. 

Bu gün uçurymlar bilimlere teşne okuwçylara täze açyşlaryň dünýäsine özboluşly nobaty geçirmek bilen, olary öz yzlary bilen diňe bir ylmyň başlangyçlaryna akyl ýetirmek ýoluna däl, eýsem, durmuşda has möhüm ruhy ýörelgelere — dostluga, hormat goýmaga, goldamaga, özara kömek bermäge çagyrýarlar. 

Bu nurana baýramçylykda mekdepleriň uçurymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn mähirli we tolgunmak bilen hoşallyk bildirýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaş nesilleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, olary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen örän uly işler geçirilýär, ýaşlaryň intellektual we döredijilik zehinlerini açmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi uly joşguna we şatlykly pursatlara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz bagtyýar ýaşlarymyzdan beýik işlere garaşýarys. Şoňa görä-de, döwrebap mekdepleri we bilim-terbiýe beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýän mähriban uçurymlara täze durmuş ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän ýylynda mekdepleri tamamlaýan oglan-gyzlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde esasy daýanjymyzdyr. Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak — Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň abadan geljegi üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan ýaşlarymyzyň belent borjy we esasy maksady bolmalydyr.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanýan üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmekde mähriban ýaşlarymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti uly buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, siz ata-babalarymyzyň beýik däplerini mynasyp dowam etdirip, geljekde özüňiziň bilimiňiz, ukyp-zehiniňiz bilen eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga, ilkinji nobatda bolsa, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalary kämil derejede ulanyp bilýän, Watanymyza we halkymyza wepaly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Kabul edilen milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy hem-de gurulýar. Bilim edaralaryny ýokary hilli okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Umumybilim berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bilime geçirilmegi, ýaş nesliň ylymlara we bilimlere höweslendirilmegi, tebigy zehinleriniň açylmagy, ösdürilmegi hem-de hemmetaraplaýyn goldanylmagy bu gün jemgyýetimiziň bilim derejesini düýpgöter ýokarlandyrýar. Biziň alyp barýan bilim syýasatymyz iri halkara guramalar hem-de dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem ýardam berýär.

Döwrümiziň baş ýörelgesine öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, biz bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy mundan beýläk-de dowam ederis.

Geljegimiz bolan ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegi, abraýly we hormatly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi biziň hemişelik aladamyz bolmagynda galar.

Mähriban uçurymlar!

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar hem-de amala aşyrylýan özgertmeler öz ajaýyp miwesini berýär. Bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlarymyz halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz örän guwanýarys!

Bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ösüşleriniň binýadydyr. Şoňa görä-de, ýürekleri hyjuwly, bagtyýar uçurymlarymyz beýik maksada — ýurdumyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge gönükdirilen işlerimize gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen, mynasyp goşant goşmalydyrlar. Çünki Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek täze nesil biziň esasy daýanjymyzdyr.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Türkmenistanda mekdebe çenli terbiýe we bilim edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasy işlenip düzüldi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim maksatnamasyny özleşdirmegi çaltlaşdyrjak we dünýä ülňülerine gabat gelýän bilim almagyna şertleri döretjek, çagalaryň irki ösüşi we olary mekdebe taýýarlamagy gowulandyrmagyň täze usullary ara alyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin 2020-2025-nji ýyllar üçin mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirjek maksatnama girizildi. Bu çärä bilim ministri, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başgada, ministrligiň edara binasynda mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralary hem-de mekdepler tarapyndan sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazowyň belläp geçişi ýaly, esasy maksadymyz innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak, bilim we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamak we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek arkaly, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň alyp barýan işini ösdürmekdir. Şeýlede, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde psihologiýa, pedagogika we bilim bemek usullaryny yzygiderli kämilleşdirmeklige uly orun berilýär.

Mekdebe taýýarlaýyş merkezleriniň sanyny, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynda gurnaklaryň sanyny artdyrmak hem-de milli we hereketli oýunlar arkaly çagalaryň mekdebe çenli bedenterbiýe sapaklaryny kämilleşdirmeklik örän möhüm meseleler bolup durýandygyny Milli bilim institutynyň Bölüm başlygy Ogulmaral Matalowa belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda ýiti respirator keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaklyk meselesine hem garaldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkeziniň bölüm başlygy Sülgün Berdiýewa ýiti respirator keselleriň öňüni almakda geçirilýän düşündiriş işleriniň, maslahat berilýän arassaçylyk we şahsy gigiýena düzgünlerini ýerine ýetirmekligiň we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip ýaşamaklygyň wajyplygyny belläp geçdi. Şeýlede ol, “Çagalara ir ýaşlaryndan başlap ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň edilmegi örän möhümdür. Şeýle hem, çagalaryň ösüşinde uly orun berilýän, pediatr, çaga psihology, fizioterapewt hünärmenleriň taýýarlanmagy örän peýdaly bolar” diýip goşdy.

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň orunbasary Begençmyrat Jepbarow mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksatnamasy çagalaryň dogry iýmitlenmegini hem göz öňünde tutýar diýip belledi, sebäbi çagalaryň ir ýaş döwüründäki iýmitlenişiniň häsiýeti onuň ösüşine we bütin ömri dowamyndaky saglyk ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.

Mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksatnamasynyň üstünlikli işlemegi üçin çaganyň irki ösüşine ýardam berýän köpugurlaýyn çemeleşme, şeýle hem uly ýaşly nesliň tejribesini we bilimlerini ösdürmeklik zerurdyr.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideo konferensiýa geçdi

22-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatiki akademiýasynyň uniwersitetiniň (ADA uniwersiteti) arasynda wideo konferensiýa geçdi.

Iki bilim edarasynyň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berip, taraplar bu ugurda ýerine ýetirlen işleri hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada jikme-jik maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki oňyn tejribäni nygtamak bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň berkidilýändigini belläp geçdiler. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygynyň geňeşiniň işine we Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine gatnaşmagy bellenip geçildi. Şeýle hem, dünýä bilelşeiginiň bähbitlerine degişli meseleleriň çözülmegi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren teklipleri aýratyn bellenildi.

Maslahatyň soňunda gatnaşyjylar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin iki ýurduň Prezidentlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary geçiriler

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arakaly nobatdaky mejlsinde wise-premýer P.Agamyradow şu ýyl okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we hususan-da, «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

25-nji maýda paýtagtda hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köpsanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleriň guraljakdygy habar berildi.

Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiýadalarynyň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine döwlet Baştutanynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän milli mukaddesliklerimize gül çemenlerini goýarlar. Ýurduň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" atly şygar astynda geçiriler.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özbaşdak durmuşa gadam urýan ýaş türkmenistanlylaryň «Soňky jaň» dabarasy baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýatlarynda galmagy üçin baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara döwlet baştutanynyň adyndan süýji sowgatlar gowşuryldy

Döwletliler köşgünde geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda, ol ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan süýji sowgatlar gowşuryldy. Çagalara myhmançylyga milli parlamentiň wekilleri, Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara milli parlamentiň wise-spikeri Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy Ýazberdi Öwezberdiýew mähirli arzuwlar bilen ýüzlendiler. Öňem bellenip geçilişi ýaly, ýetip gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada, çagalaryň sazlaşykly kämilleşmegi üçin şertleriň döredilmegi, olaryň şahsy potensiallarynyň açylmagy türkmen lideriniň sosial syýasatynyň öňde tutulýan nukdaýnazarydyr.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar özleri barada edýän atalyk aladasy we ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. Dabara çagalaryň taýýarlan şowhunly konserti bilen dowam etdi.

“Ýylyň mugallymy” Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri durmuşa geçirmäge saldamly goşandyny goşýan, bilim we hünär taýdan kämil, baý iş tejribesini toplan ussat mugallymlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Ýylyň mugallymy” Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň 27-28-nji maýynda geciriler. Bu çäre Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda guralar.

“Ýylyň talyby“ Döwlet bilim bäsleşigini

Ata Watanymyza, türkmen halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, gözýetimi giň, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, zehinli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, 2020-nji  ýylyň 20-22-nji maýynda Aşgabat  şäherinde “Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşigini geçiriler. 

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylygynda geçiriler. Bäsleşigiň dowamynda zehinli talyp ýaşlar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşy, informatika, türkmen dili, iňlis dili hem-de erkin çykyş etmek boýunça öz ussatlyklaryny eminler toparyna görkezerler.

Bäsleşigiň jemi 23-nji maýda jemlener. Ýeňiji bolan zehinli talyplara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Türkmenistanda talyp ýaşlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilýär

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde talyp ýaşlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilýär.

Öňden habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmekligi tabşyrdy we ony ilkinji nobatda mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde guramalydygyny nygtady.

Lukmanlar bu tabşyrygy gaýra goýmasyz ýerine ýetirmäge başladylar. Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmek üçin ÝOM-larda terapewtlerden, gulak-burun-bokurdak lukmanlaryndan, göz lukmanlaryndan, stomatologlardan we dermatologlardan, şeýle hem arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň hünärmenlerinden ybarat ýörite lukmançylyk toparlary döredildi

Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň dowamynda keselleriň öňüni almaga ýa-da olary haýallatmaga mümkinçilik berýän howp faktorlary diýip atlandyrylýan keselelriň ýaýramagyna täsir edýän faktorlar ýüze çykarylýar. Şeýlelikde, talyplarda haýsamda bolsa bir patologiýa ýüze çykarylan ýagdaýynda olar ýaşaýan ýeri boýunça degişli Saglyk öýünde dispanser hasabyna alynýar.

Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, okuw maksatnamalaryny özleşdirmekde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezen talyp ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, orta hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Döwlet bäsleşigi 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda uzagara onlaýn gömüşinde geçiriler.

Döwlet bäsleşigi geçirýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde özara birikdirilen kompýuterler bilen üpjün edilen otaglar Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda taýýarlandy. Bäsleşigiň geçirilýän pursatlaryny berk gözegçilikde saklamak maksady bilen ady agzalan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerindäki otaglar wideoarabaglanyşygyny ýola goýmak üçin ýokary tizlikli internet we web-kameralar bilen üpjün edildi.

Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigine gatnaşjak talyp ýaşlarynyň ählisine üstünlik arzuw edýäris!

Bilimli-terbiýeli ýaş nesil jemgyýetimiziň kuwwatydyr

Ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde taryhy tejribelere daýanmagyň, milli duýgulara, şöhratly geçmişimize salgylanmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Pederlerden miras galan ýörelgeler esasynda şu günki buýsançly ýaşlary kemala getirmegiň taryhy tejribesiniň gymmatlylyk derejesiniň ýokarylygy bolsa, her bir bilim işgärleri üçin aýdyň hakykatdyr.

Ýaş nesliň milli ruhda kemala getirilmeginde bilim ulgamyndaky okuw-terbiýeçilik işinde meýilnamalaýyn geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Meselem, diňe 2020-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda şeýle ähmiýetli çäreleriň birnäçesi geçirildi. Olardan 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän beýleki baýramçylyk çärelerini görkezmek bolar. Şeýle çäreleriň ýaş nesliň bilimli-terbiýeli, il-halka, barha ösýän jemgyýetimize peýdaly ýaşlar bolup ýetişmeginde täsiri uludyr. Mysal hökmünde, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününi alyp göreliň.

Hormatly Prezidentimiziň Watan gahryman­laryna goýýan aýratyn sylag-hormaty netijesinde “1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany kabul edildi. Permanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, olary “1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglamak karar edildi. Bu resminama metbugatda dolulygyna çap edilip, sylaglananlaryň jemi 4543 sanysynyň sanawy getirildi.

Bagtyýar türkmen halky, onuň merdana nesilleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Bilim ulgamynda okuw ýylynyň jemlenip barýanlygy okuwçylaryň çeken ýyllyk zähmetiniň netijelerini häsiýetlendirse, bilim işgärleriniň zähmet üstünliklerini jemleýän “Ýylyň terbiýeçisi – 2020”, “Ýylyň mugallymy – 2020” ýaly bäsleşikleriň üstünlikleri Ýeňiş gününe bagyşlanylan baýramçylyga bilim ulgamynyň aýratyn sowgady boldy.

Ýeňiş gününe bagyşlanylyp, döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bilim-terbiýeçilik ähmiýetli dürli duşuşyklar, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Şeýle çärelerde, ilkinji nobatda, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, biziň her birimiz üçin görelde mekdebine öwrülen we halk hakydasynda müdimilik orun alan mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň zähmet hem söweş ýoly barada gyzykly gürrüňler edildi. “Mugallym, esger, ilhalar, ynsan” atly ylmy-resminamalaýyn neşir munda esasy gollanma boldy.

Watan üçin jan çeken mertler unudylmaýar. Bütin ömrüniň agramly bölegini (ýagny onuň 23 ýylyny) mugallymçylyk kärine bagyş eden Berdimuhamet Annaýewiň bitiren ägirt uly işleriniň ýokary baha mynasyp bolmagy bilen, ol SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazyna laýyklykda “Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglandy we gahrymançylygyň nusgasyna öwrülen söweşlerdäki batyrgaýlygy göz öňünde tutulyp, ol “Edermenligi üçin” diýen medala mynasyp boldy. Halk hakydasynda baky ýaşaýan hormatly mugallymyň ömri we işi elmydama öwrenilmäge degişlidir. Munuň häzirki taryhy döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli nesli kemala getirmekde gymmaty bimöçberdir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşe 75 ýylyň dolýanlygy mynasybetli geçirilýän çäreler köp görnüşliligi we giň möçberliligi bilen tapawutlandy. Bu baýramçylykda Beýik Ýeňiş üçin merdanalyk görkezen türkmen gerçekleridir olaryň yzynda galan gelin-gyzlaryň zähmet meýdanynda görkezen gahrymançylyklary hem ýatlanylmalydyr. Maglumatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzdan urşa gidýän meýletinçileriň arasynda lukman gelin-gyzlarymyz hem bolup, olaryň 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlarynyň sany müňlerçedir. Bu ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynda işleýän zenanlaryň, tylda zähmet çekýän, Beýik Ýeňşi, ata Watanymyzyň asudalygyny, ýanýoldaşlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň, merdana gerçekleriň sag-aman dolanyp gelmeklerini hemme zatdan ileri tututýan gelin-gyzlaryň fronta kömek üçin ugradan şaý-sepleridir beýleki kömekleri hem-de olaryň ynsanperwerligi, ýanbermezligi, asyllylygy, has äşgär ýüze çykarylyp, olar baradaky taryhy maglumatlar häzirki zaman ýaşlarynyň terbiýesiniň mazmunyna siňdirilmelidir.

Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň wekilleri türkmen talyplary üçin onlaýn okuw sapagyny geçirdiler

Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň alyp barýan işine bagyşlanan okuw sapagy onlaýn usulda geçdi. IEBG-niň Ženewada ýerleşýän merkezi edarasyndan Geçiş ykdysadyýetli we ösen ýurtlar müdiriýetiniň başlygy Mihal Swantner bilen bu müdiriýetiň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Gündogar ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy Ilýa Gribkow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institytunyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem-de talyplary bilen wideoaragatnaşyga çykdylar.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan IEBG intellektual eýeçilgi goramagyň milli ulgamlaryň ösmegine, işlenilip düzülmegine we innowasiýalaryň öňe sürülmegine ýardam berýär. Bu guramanyň düzümine jemi 193 ýurt gatnaşýar, şol sanda Türkmenistan.

Ýokarda agzalan her ýokary okuw mekdeplerine ýaýlyma berlen okuw sapagynyň dowamynda, IEBG-niň wekilleri diňleýjilere guramanyň gurluşy, intellektual eýeçilik ugrunda bilimleri we ukyplary giňeltmek üçin ulanylýan okuw maksatnamalary  barada maglumat berdiler.

Intellektual eýeçiligi goramagyň halkara gurallaryna, şol sanda bu ugurdaky ulanylýan standartlara aýratyn üns berildi.