Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Ministrlik habarlary
Türkmenistanyň tikin fabrikleri mekdep egin-eşikleriniň täze görnüşlerini öndürer

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary täze okuw ýylyna taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde mekdep okuwçylary üçin egin-eşik kolleksiýalaryny çylaryp başladylar.

Gyzlar üçin eşik öndürmeklige ýöriteleşdirilen “Bahar” kärhanasynda, ak öňlükler, köýnekler we penjekler, şeýle hem zähmet sapaklary üçin halatlar we öňlükler öndürilýär. “Ahal” fabrikasynda oglanlar üçin mekdep eşiklerini, Marydaky “Ýeňiş” kärhanasynda bolsa bolsa ak oglan köýnekleriň önümçiligi ýola goýlan. Şu aýda Marydaky “Ýeňiş” tikin fabrigi öz resmi internet saýtyn arkaly erkek köýneklerini onlaýn satyp başlandygyny ýatladýarys. Internet-dükany öz müşderilerine tikin önümleriniň giň assortimentini hödürlerýär.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine Türkmenabadyň, Daşoguzyň we Berekediň degişli kärhanalaryny hem işjeň goşulyşdylar.

 “Türkmen-Kalkan” bilelikdäki kärhanasy hem çaga aýakgaplaryny, şol sanda köwüşleri, botinkalary we mokasinleri işläp düzdi we önümçiligini ýola goýdy.

Oglanlar we gyzlar üçin öndürilýän mekdep egin-eşikleri özüniň ýokary hilli biçüwi we tebigy, gipoallergen we gigroskopik matalardan bolmagy bilen tapawutlanýar.

Matematika boýunça halkara olimpiadada türkmen okuwçylary altyn we kümüş medallaryna eýe boldylar

36 ýurtdan 545 okuwçynyň, şol sanda Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Indoneziýadaky Eduversal halkara agentlginiň edarasy I-EMC 2020 atly matematika boýunça onlaýn-olimpiadany geçirdi.

Olimpiadanyň netijesi boýunça biziň ýaşlarymyzyň ikisi altyn we kümüş medala eýe boldular.

Jennet Zamanowa altyn medala eýe boldy, Orazmämmet Saparow bolsa kümüş medala. Ýeňijileriň ikisi hem Aşgabat şäheriniň ýöritelerşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary.

Zehinli okuwçylary ýetişdirmekde, mekdebiň matematika mugallymy Ybraýym Muhammetnazarowyň örän wajyp orny bardyr.

Bilim ulgamynda innowasiýalar: uzagara bilim tehnologiýalary

Ýurdumyzda orta we ýokary bilim ulgamlarynda uzagara bilim guramak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar, bu ugurdaky halkara tejriesi işjeň öwrenilýär.

Türkmeinistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde belläp geçişi ýaly, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim edaralarynda uzagara okuwlar geçirilýär we wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dürli ylmy-maslahatlar geçirilýär.

Türkmenistanda ilkinji sapar mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ata-enelerine çagalaryny mekdebe taýýarlamakda uzagara usuly kömegi bermek we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlar üçin uzagara okuwlary gurmaklyk teklip edilýär.

Ýakyn geljekde orta hünär bilimi bolan işgärleriň, onuň esasynda öz ugry boýunça ýokary bilim almaga mümkinçiligi bolar. Şeýle hem, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirmeklikde uzagara tehnologiýalary giňden peýdalanylar.

Şunuň bilen baglylykda, uzagaralykda bilim maksatnamalaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalary ulanmak barada täze düzgünnamalary işläp taýýarlamak we milli kanunçylyga girizmek meýilleşdirilýär.

Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň baştutany orta we ýokary bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlnadyrmagyň wajyplygyny belläp geçdi we mundan beýläk hem informasion-kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda talabalaýyk çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Bellenip geçişi ýaly, innowasiýalar milli bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga we ýurdumyzyň pudagara edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döretmek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlary ylym-bilim merkezleri bilen aragatnaşygy sazlamaga mümkinçilik hem berer.

Türkmenistanda Ylymlar güni bellenildi

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn görnüşde geçirilýär — foruma gatnaşyjy köp sanly daşary ýurtlular oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda, ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine daýanmaga esasy orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, ylym ýurtlaryň arasyndaky özara alyşmalarsyz, bilelikdäki taslamalarsyz, pikirleri we gazanylanlary ara alyp maslahatlaşmazdan, birek-birege tejribäni geçirmezden netijeli ösüp bilmez.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hyzmatdaşlygy Durnukly ösüş maksatlaryna, ykdysadyýetde ählumumy ösüşi çaltlandyrmaga, durmuş, ekologiýa meselelerini çözmäge, ylmy diplomatiýanyň we dünýä medeniýetiniň ilerledilmegine ugrukdyrýar.

Şu gün döwrebap kommunikasiýa serişdeleri türkmen alymlaryny, mugallymlaryny, ýaş ylmy-barlagçylary we dünýäniň ýigrimi ýurdundan ylmy toparlaryň wekillerini wajyp meseleleriň töweregine jemlemäge mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Italiýa, Ispaniýa, Latwiýa, Polşa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Moldowa, Gruziýa, Ermenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Pakistan, Eýran, Müsür, Hindistan bar.

Aýdym-saza beslenen maslahatyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň biri bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň aň-paýhas we ylmy-tehniki kuwwatynyň ösüşiniň esasy merkezleriniň biridir.

Şu ýerde guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň sergisi bu ýaş okuw mekdebiniň şol ýolda üstünlikli ädimleri ädýändigine şaýatlyk edýär. Oňa uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary wekilçilik etdiler.

Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň işläp taýýarlamalary, şol sanda synag taslamalary hem-de eýýäm senagat taýdan özleşdirilip başlanan taslamalar görkezildi.

Türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy-barlaglarynyň ugurlarynyň diňe bir nazaryýet babatda däl, eýsem, amaly taýdan ulanylmagy nukdaýnazaryndan hem möhümdigi guwandyrýar. Olar döwrüň çagyryşlaryna dessine täsir etmäge hem esaslanandyr.

Mysal üçin, TYA-nyň Himiýa institutynyň işgärler topary ýokanç keselleriň we kesel döredýän mikroblaryň ýaýramagyna garşy hereket edilmeginiň has netijeli bolmagyny gazanmaga ukyply täze önümiň barlaglaryny üstünlikli geçirdi.

Soňra forumyň wekilleri maslahatlar zalyna ýygnanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylymlar güni mynasybetli halkara teleköprä gatnaşyjylara hem-de ýurdumyzyň tutuş ylmy jemgyýetçiligine iberen Gutlagyny üns berip diňlediler.

Häzirki döwürde biz iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hem ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýandygyny we bu işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Şu forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň, işläp taýýarlamalaryň hem-de täze tehnologiýalary ulanmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Umumy mejlisiň barşynda Ýewropanyň we Aziýanyň meşhur ylmy merkezleriniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Georgiý Kwesitadze, Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, ylymlaryň doktory Murat Jumataýew, Belarus Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň başlygynyň birinji orunbasary Sergeý Çižik, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň akademigi, birinji wise-prezidenti Ibragim Saýyd ogly Guliýew, Latwiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Andres Krasnikows, Tokio uniwersitetiniň professory Hideomi Koinuma we beýlekiler bar.

Çykyş edenler wekilçilik edýän ylmy guramalarynda geçirilýän barlaglaryň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, sebitde we tutuş dünýäde ileri tutulýan ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin umumy akademiki binýady hem-de ulgamlaýyn hyzmatlary kemala getirmek babatda hyzmatdaşlygyň geljegi barada garaýyşlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ylmyny ösdürmek, alternatiw energetika, derman senagaty, çig maly gaýtadan işlemek ulgamynda işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň serişdesi hökmünde halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak babatdaky tagallalary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Çykyş edenler, şol sanda türkmen alymlary ýurdumyzyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmegiň strategiki ugry hökmünde sanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak, döwlet dolandyryşy, bilim, nebitgaz senagaty, söwda, syýahatçylyk, oba we suw hojalygy hem-de atçylyk ulgamlaryny ösdürmek babatda milli we halkara tejribesine garaldy.

Çykyşlaryň birinde gyzykly nukdaýnazar beýan edildi. Bu garaýyş sanly ykdysadyýete geçilende, işgärleri taýýarlamakda hem-de ykdysady taýdan terbiýelemekde matematika dersiniň ähmiýetiniň artýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanda telekommunikasiýa pudagy ykjam aragatnaşygyň täze, bäşinji, 5G ulgamyny ornaşdyrmagyň bosagasynda dur. Şonuň ösdürilmegi ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň ählisiniň ösdürilmegine itergi berer hem-de adamyň işini köp babatda özgerder.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyzda dürli düzümlerde — himiýa senagatynyň kärhanalarynda, ýol gözegçiligi gullugynda we ulag serişdelerini dolandyrmakda, ekologiýa gözegçiligi gullugynda, arheologiýada hem-de dikeldiş işlerinde we beýlekilerde sanly ulgamyň üstünlikli ulanylýandygynyň anyk mysallary getirildi.

Daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, ýurdumyzda döwrebap ylym düzüminiň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw we uly üns bermegi netijesinde, innowasion iş üçin döredilen mümkinçilikleriň hem-de şertleriň bardygyny bellediler.

Foruma türkmen tarapyndan gatnaşyjylar Ylymlar gününe bagyşlanan dabaralara, ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar.

Ertir halkara maslahat bölümler boýunça işini dowam eder. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary, pudaklaryň sanly ulgama geçmegi» atly mowzuk boýunça mejlis geçiriler.

Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oba hojalygyny ylmy taýdan ösdürmek, ekologiýa we biotehnologiýalaryň ähmiýeti bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde senagat-innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meselelere garalar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysady ösüş, hukuk, halkara hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk» atly mejlis geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Lukmançylyk we derman öndürmek, sport» bölümi boýunça maslahat guralar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlaryň çykyşlary ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly bolar.

2020-nji ýylyň «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň üç jiltden ybarat nutuklaryň gysgaça beýany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edildi.

Häzirki döwürde ylmyň ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, durmuş ulgamynda, gündelik durmuşymyzda örän möhüm orun eýeleýändigini subut etmegiň zerurlygy ýok. Dünýäniň alymlarynyň tagallasy, oýlap tapyjylaryň hem-de täzelikçileriň tutanýerli zähmetiniň netijesinde ylym ähli ugurlarda okgunly ösdi. Şonuň bilen birlikde, adamzadyň abadançylygy hem ýokarlandy. Adamyň töweregindäki ähli zatlar — bu ylmyň gazananlarydyr.

Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuşynyň derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiz täze maglumat gurşawy hem-de sanly tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy şertlerinde dürli ýurtlaryň ylmy-barlag birleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýär.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şeýle gatnaşyklar üçin netijeli çäre hökmünde özüni görkezdi. Maslahatyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamynda geçmegi bolsa onuň mümkinçiliklerini we çäklerini has-da giňeldip, dürli ýurtlaryň abraýly birleşikleri üçin onlaýn görnüşinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga oňat şert döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna

Mähriban uçurymlar!

Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, zähmet ýoluna we gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Eziz Watanymyzyň merdana goragçylary!

Merdana halkymyz bäş müňýyllyk taryhynyň dowamynda ýurdy goran gerçekleriň mertebesini belent tutupdyr, olaryň edermenligine, gahrymançylygyna uly hormat goýupdyr. Bu asylly ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär.

Şu ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabaraly harby ýöriş hem ýow gününde ýurt üçin döş geren Watan gerçekleriniň mertebesini ýene-de bir gezek beýgeltdi. Ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasynyň şu ýadygärlikler toplumynyň öňünde geçirilmeginiň hem aýratyn many-mazmuny bar. Bu günki dabaranyň siziň her biriňiziň kalbyňyzda merdana halkymyzyň şöhrata beslenen durmuş ýoluna, Watan gerçekleriniň gahrymançylygyna buýsanç duýgularyny döretjekdigine, söweşjeň ruhuňyzy has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Garaşsyz Watanymyzyň edermen ogullary!

Siz geljekde hem Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki za-man harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alyp, döwletimiziň berk binýadynyň mizemezligini, onuň çäkleriniň go-raglylygyny üpjün etmelisiňiz. Eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşine şahsy goşantlaryňyzy goşmalysyňyz. Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy we polat galkany bolmalysyňyz.

Eziz Watanymyzyň howpsuzlygy biziň üçin ähli zatdan beýikdir. Şonuň üçin hem biziň köp sanly ýaşlarymyz serkerdeleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde okamagy höwes edýärler. Watanymyzyň mukaddes çäklerini hem-de halkymyzyň parahat durmuşyny goraýan edermen serkerdeleriň hatarynda bolmagy arzuw edýärler. Biz watansöýüji ýaş nesillerimiziň öz ykballaryny Watan goragyna baglap, harby bilimiň başlangyç, orta we ýokary basgançaklaryny geçmekleri, harby hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin harby mekdeplerden, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinden hem-de ýokary serkerdeler düzümini taýýarlaýan Harby akademiýadan ybarat harby bilim ulgamyny döretdik. Biz geljekde-de ýurdumyzda ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga uly üns bereris.

Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!

Bütin dünýäde innowasiýanyň, ylmyň we tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän döwründe ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, okuw-usulyýet işlerine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, internet we elektron kitaphana ulgamlaryny giňden peýdalanmak, harby-watançylyk terbiýesini pugtalandyrmak zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Siz şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary arkaly her bir harby talybyň bilime, ylma we tehnologiýa bolan höwesini has-da artdyrmalysyňyz.

Hormatly uçurymlar!

Siziň ähliňizi Harby akademiýany we ýokary harby okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW    

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de onlaýn teleköpri arkaly geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem  onlaýn-teleköpri arkaly geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär.

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Şoňa görä-de, biz ylym ulgamynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, binýatlaýyn esaslaryny döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Häzirki zaman bilimlerini we ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri hem-de alymlary taýýarlamak üçin ähli şertleri döredýäris. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys.

Hormatly alymlar! 

Berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenistan ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, köp görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürýän täze innowasion senagat kärhanalaryny döretmek arkaly dünýä ykdysadyýetindäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu okgunly ösüşler, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy, ylmy-tehniki ösüşiň derejesi, innowasiýalaryň, takyk inženerçilik ylymlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň täze mümkinçilikleri bilen berk baglanyşyklydyr. 

Şoňa görä-de, biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmäge döwlet syýasatymyzda uly üns berýäris. Şu maksat bilen, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdelerimizi kämilleşdirýäris.

Önümçiligi awtomatik usula geçirýäris. Maglumat ulgamyny hem-de elektron resminamalar dolanyşygyny döredip, ykdysadyýetimizi has-da berkidýäris. Biz şu ýyl «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny» kabul etdik. Ýurdumyzy tehnologik we innowasion ösüş arkaly kämilleşdirmäge gönükdirilen bu resminama ylym ulgamyny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmäge, tehniki-maksatnamalaýyn çözgütleri taýýarlamaga, durnukly hem-de täze tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge, ylmy-barlaglar üçin täze programma üpjünçiligini döretmäge, ylma hem-de inženerçilige, tehnologik telekeçilige ýaşlary işjeň çekmäge giň mümkinçilik berer. 

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde biz iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hem ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen ylmy gatnaşyklary has-da giňeldýäris. 

Ýurdumyzyň iki gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna saýlanmagy, halkara we döwletara derejelerde gazanylýan ylalaşyklar, ylym babatdaky köpugurly hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlyk, syýasy-medeni we ykdysady düzümler boýunça geçirilýän ylmy maslahatlardyr geňeşmeler Garaşsyz döwletimiziň halkara ylym-bilim giňişligindäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýan ajaýyp üstünliklerdir. Bularyň ählisi mähriban Watanymyzyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar babatda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwlete öwrülýändigine hem-de dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biz ylmy ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizi geljekde has-da giňelderis.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Ylymlar güni, şeýle hem onlaýn teleköpri arkaly geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde täze üstünlikleri we açyşlary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäherinde ýaş alymlaryň bäsleşigi geçdi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika insitutynda ýaş alymlaryň nobatdaky bäsleşigi geçdi. Bäsleşige şäheriň orta mekdepleriniň ikisiniň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk mekdebiniň, şeýle hem TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Bäsleşik ýurdumyzyň Ýaş alymlar merkezi (TÝAM) tarapyndan guraldy.

Eminler toparyna TÝAM-niň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdy. Bäsleşige dört ugur boýunça talaplara gabat gelýän 13- sany innowasion taslama teklip edildi:

  1. Himiýa tehnologiýasy, innowasion materiallar we energetika;
  2. Biotehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa we lukmançylyk;
  3. Awtomatlaşdyrylan ulgamlar, programma üpjünçiligi, telekommunikasion tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk;
  4. Innowasion mugallymçylyk, kognitiw ylymlar we ykdysadyýet.

Iş gününiň dowamynda bäsleşik işleriniň awtorlary dürli önümçilik ugurlarynda gymmat bahaly pikirleriniň ornaşdyrylmagy we  importyň ornuny milli önümler bilen tutmak, şeýle hem ýurdumyzda yglan edilen Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasy nukdaýanazaryndan öz ylmy işleriniň aktuallygyn esaslandyryp, prezentasiýalaryny geçirdiler.

Netijede 24 sany ýeňiji belli boldy. Olardan dördüsi birinji orna (bäsleşigiň her ugry boýunça biri) hem-de degişliligi boýunça gymmat bahaly bäýraklara we diplomlara mynasyp boldular.


  • Bägül Sylapowa – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. Diňe tebigy maddalardan ýasalan antibakterial sabyny işläp düzmek işiň awtory.
  • Begençnazar Baýlyýew – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 5-nji ýyl talyby. Innowasion awtomatlaşdyrylan ýyladyşhananyň awtory.
  • Akmyrat Allanazarow – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby. Süýt önümleri üçin awtomatlaşdyrylan gaplaýjy enjamyň taslamasynyň awtory.
  • Mähri Ilmedowa – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň mugallymy. Distansion okuwyň özboluşly usulyýetiniň, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny onlaýn usulda kabul etmek programmasynyň awtory.

Baýrakly ýerleriň derjesine görä ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Beýleki gatnaşyjylara hormat hatlary gowşuyldy.

Türkmenistanyň Ýaş alymlarynyň merkeziniň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty Azat Ataýewiň belläp geçişi ýaly, Ýaş alymlaryň geňeşiniň guramaçylygynda ýerlerde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolanlar jemleýji tapgyra gatnaşdyryldy. Şeýlelikde, mysal üçin, ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilen tapgyra gatnaşan 130 taslamanyň arasynda 20 sany rasionalizatorçylykly teklibiň awtorlary jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda maglumat tehnologiýalary ugrunda iş alnyp barylýar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň alymlarynyň we mugallymlarynyň, şeýle hem “Türkmen demirýollary” agentliginiň, “Altyn asyr” paýdarlar jemgyýetiniň, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” paýdarlar jemgyýetiniň we “Türkmentelekom” elektron aragatnaşyk kärhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde geçirilen ylmy maslahatda maglumat tehnologiýalary ugrundaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bellemegine görä, duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň telekommunikasion ulgamy üçin ýetişdirilýän hünärmenleriň bilim derejesini kämilleşdirmek meselesinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi. Şunuň bilen baglylykda taraplar häzirki wagtda alyp barýan ylmy-gözleg işleri barada aýdyp berdiler, şeýle hem geljekde tejribelik we nazary meseleleri çözmekde hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar.

Institityň alymlary awtomatizasiýa we umumytehniki, şeýle-de aragatnaşygyň radio tehnologiýalary kafedralarynyň hünärmenleriniň alyp barýan meseleleri barada birnäçe prezentasiýalary görkezdiler.

Öz gezeginde telekommunkiasion kärhanalaryň hünärmenleri prezentasiýalarynda Telekommunkiasiýa we informatika instituty bilen bilelikde çözmegi meýilleşdirýän meseleleri barada belläp geçdiler. Bu meseleler öz içine matematiki modelirlemegiň we hasaplaýyş matematikasynyň, neýron ulgamlaryň okadylmagynyň, ýokary öndürijilikli hasaplamalaryň, optimizasion işleriniň, ýokary geometriýanyň usullarynyň ulanylmagynyň, şeýle hem programmalýyn inženerligiň  we ulgamlaýyn programmirlemegiň meselelerini öz içine alýar.

Maslahatyň netijesinde taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmeklige ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin aragatnaşygy sazlamak babatynda ylalaşdylar.

Türkmen talyplar italýan keramikasy bilen tanyşýar

Italýan dizaýnynyň bütindünýä gününe bagyşlap, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasywideoaragatnaşyk görnüşinde prezentasiýalaryň birnäçesini gurnady. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ungaro paýtagtymyzda ýerleşýän dört ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyklarda bu ýewropa ýurdunyň örän baý medeni mirasynyň çeşmeleriniň biri hökmünde italýan keramikasynyň taryhy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwleet uniwwersitetiniň talyplary, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary gatnaşdy.

Italýan keramikasynyň önümçiliginiň ösüşi hemmetaraplaýyn ykdysady, taryhy we söwda-medeni ugurlardan tanyşdyryldy. Talyplary italýan keramikasynyň däbe öwürlen esaslary we onuň geçmişine taryhy nazar aýlap, Diýego Ungaro interaktiw maslahatyna gatnaşyjylara özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermegi we eşidenleri barada öz pikirlerini aýtmaklygy teklip etdi.

Gadymy küýzegärlik sungaty ençeme asyrlary adamzadyň ýany bilen geçdi we onuň taryhy örän uzaklardan bäri örän jikme-jik öwrenilýär. Ýewropa farforynyň önümçilginiň ösüşinde hut Italiýa örän uly orny eýeläpdi we palçykdan öndürilen italýan önümleriniň ýaýraýyş geografiýasy örän giňdir. Italiýanyň dürli sebitlerinde bütindünýäde örän gymmat baha berilýän küýzegärlik önümleriniň örän köpdürli nusgalary gabat gelýär.

Dizaýn hakynda aýdanymyzda, örän köp görnüşli italýan plitkasy barada ýatlap geçmezlik mümkin däl. Dokuzynjy asyrda Italiýada keramiki plitkany öz ugrunda gaýtalanmajak görnüşe getirýän süýt reňkli syrça bilen örtýärdiler.

Geçen ýylyň maý aýynda renessans döwrüniň görnükli wekili Leonardo da Winçiniň ölen gününden ýäri 500 ýyl doldy. Adybelli suratkeş öz ýaşlyk döwründe, plitka üçin owadan suratlary döretmek bilen keramiki önümçilikde hem zähmet çekipdi. Ýaňy ýakynda Rimde, ýüzünde arhangel Gawriiliň keşbi suratlandyrylan, 1471-nji ýylda öndürilen uly bolmadyk keramiki plitka köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Hünärmenler bu plitkanyň Leonardonyň irki işleriniň biri bolup biler diýip çaklaýarlar.

Wideo-maslahatyň ahyrynda talyplary häzirki zaman italýan suratkeşleriniň işleri bilen tanyşdyrydylar.

Italýan tarapynyň Türkmenistanda geçirýän bilim beriji wideo-maslahat görnüşindäki çäreleri eýýäm birnäçe gezek geçirildi. Birnäçe ýyl mundan ozal, Aşgabatda geçirilen italýan dizaýnynyň günlerinde talyplar Neapolitan uniwersitetinden dizaýner we binagär Luka Molinari bilen duşuşyk geçirdiler. 2019-njy ýylyň martynda bolsa, Florensiýanyň ýewropa dizaýnynyň direktory professor Igor Tansi bilen duşuşdylar.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi

Türkmenistanyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş badalga aldy. Gökderede we welaýat merkezlerinde ýerleşen sagaldyş merkezleri eýýäm körpeleriň ilkinji tapgyryny kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň sany barha artýar. Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň tomusky dynç alyş möwsümini oňat geçirmegi, Köpetdagyň ajaýyp jülgelerinde göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin alada edýär.

Däp bolşy ýaly, Aşgabatda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Paýtagtymyzdaky çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada köpçülikleýin aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şadyýan aýdymlar we joşgunly tanslar, şatlykly sahna oýunlary meşhur çagalar döredijäilik toparlaryndan işjeň dynç almagy halaýan körpeler üçin döredijillik sowgady boldy.

Paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň mekdep okuwçylary baýramçylyk lybasyna beslenen ulaglara tarap ugranlarynda hem aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Biraz wagtdan soň ulaglar çagalary ajaýyp sagaldyş we dynç alyş merkezlerine getirdi. Şol ýerde bu merkezleriň 14-si hem körpeleri kabul etmäge doly taýýar edildi.

Gökderedäki çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezleriniň çäklerinde müňlerçe mekdep okuwçylaryilki bilen bilelikde dabaraly ýöriş geçirdiler. Onda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşbine giren okuwçylar ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ähli ulgamlardaky, hususan-da, bilim ugrunda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri wasp edýän häzirki zaman aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. Şeýle dabaraly hem-de giň möçberli ýagdaýda geçirilýän bagtyýar çagalaryň bu ýörişi häzirki döwürde Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gelen mekdep okuwçylary çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ähli amatly şertler döredilen binalarynyň otaglarynda ýerleşdiler.

Ösüp gelýän nesliň dynç alyş günleriniň dürli görnüşli we gyzykly çärelere baý bolmagy üçin çagalaryň ygtyýaryndaky döwrebap sagaldyş merkezleri ähli mümkinçiliklere eýedir. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dürli oýunlary oýnamak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen ajaýyp meýdançalar, tans zallary, kompýuter tehnologiýalarynyň muşdaklary üçin merkezler, el işleri üçin gurnaklar, teatr we şekillendiriş sungatynyň studiýalary ýerleşýär, baý kitap gaznaly kitaphanalar işleýär.

Hemişe bolşy ýaly, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň – Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri, iri jemgyýetçilik hem-de beýleki guramalaryň wekilleri çagalaryň göwnejaý dynç almagyny guramaga öňünden taýýarlyk gördüler.

Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde tomusky dynç alşyň her bir tapgyrynda dynç alyş merkezlerinde dürli bäsleşikler, çagalar çeper höwesjeňler toparlarynyň, dürli döwlet we halkara derejesindäki döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda konsertler guralar.

Şeýle hem dynç alyş merkezlerinde medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Merkezlerde belli sahna ussatlarynyň – meşhur teatr we sirk, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bolar.

Bir söz bilen aýdylanda, Gökderedäki we welaýatlardaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç aljak 8 müňden gowrak çagalara gyzykly çäreler garaşýar. Birinji tapgyryň başlanmagy bilen bu çärelere badalga berildi.

Welaýatlardaky çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalarda körpeleriň dynç alşy örän gyzykly bolar. Olarda her tapgyrda çagalaryň jemi 30 müňe golaýy kabul ediler. Däp bolşy ýaly, tomusda okuw şäherjiklerinde ýaşaýan ýerleriniň golaýynda şadyýan we gyzykly dynç almagy halaýan çagalar üçin dürli çäreler, şol sanda bäsleşikler, duşuşyklar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler guralýar.

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň arasynda II onlaýn olimpiada geçirildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II açyk internet-olimpiadasy geçirildi.

Geçen ýyl Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasuýalar institutynyň professor mugallymlarynyň üstünlikli geçiren ilkinji olimpiadasyndan soň, şu ýylyň maý aýynda ýene-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyp, täze bäsleşige badalga berildi.

Bu intellektual ýaryş 462 talybyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 11-nji maýynda başlandy. Halkara olimpiýa tejribesini ulanyp, ilkinji saýlama tapgyrynda talyplar iki basgançakda test görünşinde ekologiýa, fizika, himiýa, informatika we nazary mehanika dersleri boýunça öz bilimlerini görkezdiler.

Ilkinji saýlama tapgyry ösen sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bu ýaryşa gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň her birinde onlaýn usulda geçirildi. Bu test ulgamy olimpiýa dersleri boýunça 70 soragdan köp soragy öz içine alýar. Ilknji tapgyryň netijeleri boýunça ýumuşlary üstünlikli ýerine ýetiren 180 talyp indiki tapgyra gatnaşdyryldy.

Olimpidanyň ikinji – jemleýji tapgyry – iki sany ÝOM-niň binýadynda geçirildi. Himiýa, informatika we ekologiýa dersleri boýunça bäsleşikleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary insitutynyň binýadynda geçirildi, şeýle hem nazary mehanikanyň we fizikanyň muşdak talyplary bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bäsleşdi.

Şu günki ýagdaýda, ähli zehin ýumuşlary yzda galdy. Olimpiadanyň jemlerini jemlemek boýunça geçirilen dabarada ýeňijiler gutlandy. Ýurdumyzyň II açyk internet-olimpiadasynyň resmi ýapylyş çäresi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary insitutynda geçirildi.

Ekologiýa dersi boýunça altyn medala we I derejeli diploma Jennet Akmämmedowa (Türkmen oba hojalyk instituty), Mährijemal Hydyrowa (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) we Aýjemal Muhammedorazowa (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) mynasyp boldular.

Fizika boýunça jemleýji bäsleşigiň altyn ýeňijileri Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary insitutynyň talyplary degişliligi boýunça Gurbanaý Seýitnepesowa we Bezirgen Baýramow boldular.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Söhbet Aşyrow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Myrat Rozmyradow we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Oraznepes Orazgeldiýew himiýa dersi boýunça ussatlyklaryny görkezdiler.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Feruz Atamyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talybyYbadylla Çerkezow we Halkara nebit we gaz uniwwersitetiniň talyby Berdimyrat Çolukow informatika dersi beýonça altyn orna mynasyp boldular.

Nazary mehanika boýunça olimpiýa ýaryşynyň netijelerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet energetika insitutynyň talyby Döwlet Rahymjanow we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Berdimyrat Annamyradow altyn ýeňiji boldular.

Jemi 12 gatnaşyjy altyn medala mynasyp boldy. Kümüş we bürünç medallaryň eýesi degişlilgi boýunça jemi 17 we 22 olimpiýaçy eýe boldy. Ýeňijileriň ählisine dürli derejeli medallar we diplomlar gowşuryldy.

Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwaty

1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler guraldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, biziň döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri, ösüp gelýän nesil barada aladalar babatynda BMG-niň esas goýujy taglymlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk senenamasynyň sanawyna girizildi.

Bu ýörelgeler BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda 1989-njy ýylda kabul eden Konwensiýasynda berkidilendir, Türkmenistan ony 1994-nji ýylda tassyklap, ýaşajyk raýatlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde özüniň ýokary jogapkärçiligini subut etdi. Türkmen jemgyýetiniň gadymdan gelýän ynsanperwerlik gymmatlyklary, islendik döwürde hem möhüm ähmiýete eýe bolan ruhy ýörelgeleri we ahlak garaýyşlary bu syýasatyň esasyny düzýär.

Häzirki wagtda bu ýörelgeler eneligiň we çagalygyň durmuş kepilliklerinde hem-de hukuk taýdan goraglylygynda, çagalaryň saglygyny goramagyň giň gerimli ulgamynyň döredilmegine, doly derejeli terbiýe we bilim almagyna, her bir çaganyň durmuşda üstünlik gazanmagy üçin deň derejeli başlangyç mümkinçilikleri üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagalar babatynda alyp barýan oňyn syýasaty ösüp gelýän ýaş nesliň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna hem-de ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda, hemmetaraplaýyn — beden, intellektual, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň höweslendirilmegine ýardam edýär, halkymyzyň, şol sanda körpe türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, jemgyýetçilik gurluşynyň hem-de şahsyýetiň kemala gelmeginiň düýp binýady bolan maşgalany hemmetaraplaýyn goldamak bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Çaganyň hukuklarynyň gürrüňsiz berjaý edilmegi milli kanunçylygyň we durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny tassyklady.

“Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrýan her bir işimiziň, belent tutumlarymyzyň, köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendigini aýdyň tassyklaýar” diýip, milli Liderimiz ýurdumyzyň körpelerine iberen Gutlagynda belleýär.

“Biz dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ählumumy tagallalary birleşdirmäge çalyşýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady. Ol çaganyň irki ösüşi we olary okatmak ulgamynda oňyn netijelere ýetmek üçin ygtybarly syýasy binýady üpjün etmekde yzygiderli tagallalary üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallyk bildirip, ÝUNISEF-niň geljekde hem bu işleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Bilim ministrligi bu guramanyň wekilhanasy bilen bilelikde mekdebe çenli ýaşly çagalaryň arasynda «Meniň bagtly maşgalam» ady bilen bäsleşik geçirýär, oňa şu gün badalga berildi. Ýurdumyzdaky bir müň ýetmiş bäş sany mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde terbiýelenýän körpeler bir aýlap dowam etjek bu bäsleşige gatnaşýarlar.

Çäräniň guramaçylary belli bir ölçegler boýunça ýeňijileri kesgitlemän, her bir çaga öz zehinini açmaga mümkinçilik döretmek, soňra bolsa çagalaryň çeken suratlarynyň onlaýn sergisini geçirmegi, olary ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň internet sahypalarynda çap etmek, şeýle hem ýörite surat toplumlaryny we kitapçalary bezemek üçin peýdalanmak kararyna geldiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin göwnejaý şertler döredilendir. Çagalar baglarynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri we sport zallary, başlangyç kompýuter sowatlylygy we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin okuw otaglary bar.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz bu çärelere körpe türkmenistanlylaryň çekilmegini aýratyn wezipe hökmünde öňde goýýar. Ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketi giňelýär, ýaş türgenleriň hatarlary artýar, olar halkara sport bäsleşiklerinde Türkmenistanyň abraýyny belende göterýärler.

Sagdyn bolmaga hukuk — munuň özi diňe bir ynsanyň esasy hukuklarynyň biri bolman, döwletiň hem baýlygydyr, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertidir. Zähmete ukyply ilatyň saglygy ýurdumyzyň şu gününiň abadançylygynyň, çagalaryň saglygy bolsa röwşen geljegiň kepilidir. Häzirki döwrüň çagalary –ertirki uly adamlardyr hem-de olar üçin sagdyn durmuş gurşawynyň döredilmegi ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň binýady bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, çagalaryň saglyk ýagdaýy durmuş, biologiýa, ekologiýa şertleri hem-de medeni-bilim binýady bilen kesgitlenilýär. Tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman barlaghana enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen we internete birikdirilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin estetiki hem-de çeper döredijilik merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar, dynç alyş düzümleri ösdürilýär.

«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi paýtagtymyzda guralan baýramçylyk çäreleriniň merkezine öwrüldi. Bu ýerde dürli oýun attraksionlaryndan başga-da, çagalaryň ünsüni özüne çekýän köpöwüşginli bezegi bolan kitap neşirleriniň sergisi, çagalar döredijilik toparlarynyň we sirk artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çagalaryň gülküleri, şatlykly sesleri joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşyp, seýilgähde özboluşly joşgunly pursatlary emele getirdi.

Asfaltyň ýüzünde surat çekmek bäsleşigine we beýleki sport çärelerine islendik çaga gatnaşyp bildi. Körpelere datly tagamlaryň we doňdurmalaryň hödürlenmegi baýramçylygyň has-da täsirli pursatlaryna öwrüldi.

Paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsi» çagalar seýilgähinde, «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde çagalar hem-de ene-atalar üçin köpçülikleýin baýramçylyk ýörişleri guraldy. Şunuň ýaly çäreler ýurdumyzyň welaýatlarynyň dynç alyş merkezlerinde hem ýaýbaňlandyryldy.

Körpeleriň ygtyýaryna hiňňillikleriň we beýleki attraksionlaryň berilmeginden başga-da, çagalar we mekdep okuwçylary üçin dürli bäsleşikler geçirilip, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Ýaşajyk sazandalaryň, tansçylaryň çykyşlary, ertekileriň gahrymanlary bilen guralan oýunlar, sport bäsleşikleri, dürli sergiler baýramçylyk çäreleriniň şatlygyny artdyrdy.

Tutuş ýurdumyzy gurşap alan baýramçylyk çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegine gatnaşan Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagalar üçin guralan dabaralaryň gyzykly we peýdaly geçmegi, çagalara dürli nygmatlaryň hödürlenmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berdiler.

Çagalary goramagyň halkara güni diňe bir körpeler üçin şatlykly we şowhunly çäreler bolman, eýsem, jemgyýetimizde çaganyň hukuklaryny berjaý etmek, oňa hormat goýmak meseleleriniň zerurdygyny alamatlandyrýan wakadyr. Munuň özi abadan we adalatly jemgyýetiň kemala gelmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Ýurdumyzda bu baýramçylyga has-da ähmiýet berilýär. Ol nesilleriň arabaglanyşygyny we ruhy taýdan ýakynlygyny alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesdigini, çagalaryň üns-alada bilen gurşalmalydygyny wajyp wezipe hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimize söýgüsi çäksiz bolan körpe nesiller milli Liderimiziň paýhasly ýörelgelerinden ruhlanyp, özleri hakynda edilýän alada tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň çagalaryň sazlaşykly ösüşi barada aýdanlary körpelere bolan ynamyny, olaryň mähriban Watanymyzyň geljekki ösüşine bolan goşandyna buýsanjyny mälim edýär. Häzirki döwrüň körpeleri nurana geljegi gurujylardyr. «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwatydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Ösüp gelýän ýaş nesillere ak ýollary arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ilkinji nobatda, Watany tüýs ýürekden söýmelidigini, ululara hormat goýmalydygyny, pederlerimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerini, halkymyzyň köpasyrlyk däplerini aýawly saklamalydyklaryny we sözüň doly manysynda hakyky watansöýüji bolmalydyklaryny ündeýär.

Aşgabatdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde şu gün baýramçylyk çäreleri geçirildi, bu ýerde terbiýelenýän körpeler merkeziň dürli gurnaklarynda we bölümlerinde ele alan ukyp-başarnyklarynyň netijelerini görkezdiler. Olar bu merkezde dürli ugurlar: daşary ýurt dillerini öwrenmekden başlap, suratkeşlik endiklerini, binagärlik başlangyçlaryny özleşdirmek ýaly gurnaklara gatnaýarlar. Tansçylyk, saz sungaty, milli saz gurallary, amaly-haşam sungaty, halyçylyk, modelirlemek we beýleki ugurlar boýunça çagalar hünär başlangyçlaryny öwrenýärler. Çagalaryň ençemesi bolsa birbada birnäçe gurnaga gatnaýarlar.

Köşgüň öňündäki meýdançada çagalaryň el işleriniň we özboluşly döredijilik gözlegleriniň netijelerini beýan edýän sergi, tans toparlarynyň, sazandalaryň çykyşlary guraldy.

Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Hut çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň düýpli häsiýetleri, ahlak ýörelgele...