Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Mekdebe çenli bilim we terbiýe

Mekdebe çenli bilim we terbiýe

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanda 1 ýaşdan 6 ýaşa çenli çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we jan saglygyny goramak, berkitmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek üçin maşgala kömek hökmünde mekdebe çenli çagalar edaralary döredilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwlet ulgamynyň ilkinji we esasy basgançagy bolan mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça bilim bermek amala aşyrylýar. 


Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy wezipeleri:


Çagalara milli ruhda terbiýe we bilim bermek, olarda Türkmenistana, onuň halkyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur söýgüni we wepalylyk duýgusyny kemala getirmek;

Çagalarda akýüreklilik, adalatlylyk, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak, türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak duýgularyny terbiýelemek;

Çagalary başlangyç bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmäge taýýarlamak;

Çagalary terbiýelemekde hem-de olara bilim bermekde mekdebe çenli çagalar edaralary bilen maşgalanyň, umumybilim edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň sazlaşykly aragatnaşygyny üpjün etmek bolup durýar.


Mekdebe çenli çagalar edaralary öz ýerine ýetirýän wezipelerine laýyklykda:


  • çagalaryň terbiýelenmegi we bilim almagy, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, jan-saglygynyň berkidilmegi üçin zerur şertleri döredýär;
  • çagalara bilim we terbiýe bermekde öňdebaryjy usullary we häzirki zaman serişdelerini ulanyp, bilim-terbiýeçilik işini ýokary derejede guraýar;
  • umumadamzat gymmatlyklarynyň döremeginde we onuň goralyp saklanylmagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň hem-de milli medeniýetiniň tutýan ornuny okuw maksatnamalarynda beýan edýär;
  • okuw meýilnamalaryna laýyklykda başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlaýar;
  • okuw meýilnamalaryna laýyklykda çagalara daşary ýurt dillerini öwretmek işini guraýar;
  • çagalaryň tebigy zehinini, ukyplaryny, şahsy başarnyklaryny ýüze cykarmak we ösdürmek boýunça  dürli medeni-köpçülik, çeper-döredijilik we beden saglygyny berkitmek boýunça çäreleri yzygiderli guraýar.

Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryynyň:


 umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralary (çagalar bakjasy, çagalar bakja-bagy, çagalar bagy);

akyl we beden taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan çagalar üçin bejeriş-dikeldiş (korrektirleýji) hem-de okuw-terbiýeçilik işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýan ýörite mekdebe çenli çagalar edaralary;

garyşyk görnüşli (umumy görnüşli  hem-de akyl we beden taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan çagalar üçin bejeriş-dikeldiş (korrektirleýji) hem-de okuw-terbiýeçilik işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýan ýörite toparlary bar bolan; dürli ýaşdaky çagalaryň garyşyk toparlary bar bolan) mekdebe çenli çagalar edaralary;

durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň çagalary üçin gije-gündiz hereket edýän  mekdebe çenli çagalar edaralary (toparlary);

ýörite ugurlar boýunça okuw-terbiýeçilik işleri çuňlaşdyrylyp alnyp barylýan ýöriteleşdirilen mekdebe çenli çagalar edaralary we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň beýleki görnüşleri hereket edýär.

Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli, ýagny beden we (ýa-da) akyl taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan mekdebe çenli ýaşly çagalara umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almak üçin şertler döredilýär.

Türkmenistanda hereket edýän ähli görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralarynda türkmen dili döwlet dili hökmünde okatmagyň hem-de terbiýelemegiň esasy dilidir.

Mekdebe çenli çagalar edaralary çagalara terbiýe we bilim bermegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, terbiýelemegi we okatmagy guramagyň hem-de onuň usullarynyň saýlanylyp alnan görnüşleriniň çagalaryň ýaş we psihologik aýratynlyklaryna, saglyk ýagdaýyna laýyk gelmeginiň üpjün edilmegi üçin döwletiň, ata-eneleriň we jemgyýetçiligiň öňünde borçludyrlar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň  iş  tertibi  Türkmenistanyň Bilim ministrligi  bilen ylalaşylyp, tabynlygyna we ýerleşýän ýerine baglylykda degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, şäher häkimlikleriniň çözgüdi bilen kesgitlenýär.

Çagalary mekdebe çenli çagalar edarasynda terbiýelemek we olara bilim bermek işi esasy okuw meýilnamasy, her okuw ýyly üçin tassyklanylan okuw meýilnamasy, okuw maksatnamalary, gün tertibi, şeýle-de Mekdebe çenli Döwlet bilim standarty esasynda guralýar.

Ýurdumyzda ähli bilim edaralary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly mugt üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlaryny, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetini yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary terbiýelemek ýylyň dowamynda üznüksiz alnyp barylýar. Çagalar üçin okuw dowri şol ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanýar we soňky ýylyň 25-nji maýynda tamamlanýar hem-de bu aralykda çagalar üçin güýz, gyş, ýaz dynç alşy guralýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda toparlar çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça jemlenilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda toparlaryň dolulygy çagi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda 1-3 ýaşly bakja toparynda 15-20 çaga, 3-6 ýaşly bag toparynda 20-25 çaga bolmalydyr.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalaryň arassaçylyk düzgünleriniň kadalarynyň hem-de howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň, terbiýeçileriň we mugallymlaryň üstüne ýüklenýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmegiň we ondan çykarmagyň, şeýle hem çagany bir çagalar edarasyndan beýleki çagalar edarasyna geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda 171 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Çagalary mekdebe çenli çagalar edaralaryna kabul etmek üçin ýollama  bermek boýunça iş toparynyň Düzgünnamasy” esasynda amala aşyrylýar.

Mekdebe çenli çagalar edarasynyň işine gözegçilik we usuly taýdan ýolbaşçylyk etmek Türkmenistanyň  Bilim ministrligi, welaýat, etrap, şäher bilimi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi ýeke-täk ýolbaşçylyk we kärdeşler maslahaty ýörelgeleri boýunça amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň ýeke-täk ýolbaşçysy müdirdir.

Müdir çagalaryň jan-saglygynyň goralmagy, çagalaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap terbiýe almagy, başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hili üçin jogap berýär, mekdebe çenli çagalar edarasynyň maşgala we orta mekdep bilen aragatnaşygyny üpjün edýär, okuw meýilnamalarynyň we  maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini hem-de mekdebe çenli çagalar edarasynyň maliýe-hojalyk işleriniň kanunalaýyk alnyp barylmagyny guraýar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmat ediş işgärlerini işe kabul edýär we işden boşadýar, hyzmat ediş işgärlerinden beýleki işgärleri işe kabul etmek barada tabynlygyna baglylykda, degişli bilimi dolandyryş edarasyna ýa-da ýokarda durýan edarasyna (kärhanasyna) hödürnama berýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda köpçülikleýin ýolbaşçylyk mugallymlar geňeşiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň mugallymlar geňeşiniň düzümine edaranyň ýolbaşçylary, terbiýeçiler, mugallymlar, lukmanlar, şepagat uýalary girýärler. Mugallymlar geňeşiniň başlygy mekdebe çenli çagalar  edaralarynyň müdiridir.

Çagalaryň  mekdebe çenli çagalar edaralarynda saklanmagy üçin ata-eneler tarapyndan tölenmeli tölegiň möçberi Türkmenistanyň Bilim  ministrliginiň 26-njy martynda 109 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çaganyň bir aý terbiýelenmegi üçin tölegi hasaplamagyň, almagyň we töleglerden gelen serişdeleri sarp etmegiň Tertibine” laýyklykda kesgitlenilýär.