Ministrlik barada

Image description

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim-terbiýeçilik işinde we ýaşlar syýasaty barada bir bitewi döwlet syýasatyny amala aşyrýan bilimi dolandyryş we bilim edaralarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk hem-de gözegçilik edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki döwlet bilimi dolandyryş edaralary ýurtda bilimi dolandyrmagyň bir bitewi ulgamyny emele getirýär. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özleriniň bilim babatdaky ygtyýarlyklarynyň çäginde ýerlerde döwlet bilimi dolandyryş wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň esasy ygtyýarlyklary şulardan ybarat:

1) bilim we ýaşlar syýasaty barada ýeke-täk döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün edýär;

2) bilimiň ösüşiniň geljegini we ugurlaryny, onuň mazmunyna, derejesine we möçberine bolan talaplary işläp düzýär;

3) ähli kysymlardaky bilim edaralarynyň okuw, terbiýeçilik, usulyýet we ylmy işlerini guramagyň kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalaryny işläp düzýär;

4) okaýanlary terbiýelemek babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmegine gatnaşýar;

5) bilim babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.