Başlangyç hünär bilim bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň hünär-tehniki bilim ulgamy boýunça kesgitlän syýasatyny durmuşa geçirýär. Başlangyç hünär bilimi bölümi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Bilim hakyndaky» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda Düzgünnamany, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny goldaýar.
Bölümiň esasy maksatlary:
— Türkmenistanyň bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek;
— şahsyýetiň hünär bilimini almaga we ony çuňlaşdyrmaga, akyl we medeni taýdan ösmäge bolan islegini kanagatlandyrmak;
— Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklary üçin hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlamak;
— jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak, goramak hem-de baýlaşdyrmak;
— okaýanlarda milli taryh, medeniýet, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumadamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanyşykly ýokary medeniýeti, şeýle hem döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemek bolup durýar.
Bölümiň esasy wezipeleri:
— Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça hünär-tehniki okuw mekdepleriniň işlerini utgaşdyrmak;
— ýaşlarda halka, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine, döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine wepalylygy, milli taryh, medeniýet, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumyadamzat gymmatlyklary bilen baglanyşykly ýokary medeniýetliligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemek;
— ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we häkimlikleriň tabynlygyndaky hünär-tehniki okuw mekdepleriniň alyp barýan okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet işlerine, ýagny milli türkmen duýguly, syýasy düşünjeli, ýokary medeniýetli, sagdyn sowatly, başarjaň, ukyply jemgyýete peýdaly işleriň ähli esasy ugurlary boýunça hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlanylyşyna gözegçilik etmek;
— ýurdumyzyň hünär-tehniki okuw mekdeplerinde öwredilýän hünärleriň hem-de berilýän terbiýäniň hilini ýokary derejä götermek;
— hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyplaryndan milli türkmen duýguly, giň dünýä garaýyşly, syýasy düşünjeli, ýokary medeniýetli, lebzi halal, sagdyn sowatly, ruhubelent, ýokary derejeli hünär başarjaňly, işe ukyply işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça işçi hünärmenleriň taýýarlanylyşyna gözegçilik etmek;
— ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda hünär-tehniki okuw mekdepleriň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny hil taýdan kämilleşdirmek;
— umumybilim berýän orta mekdep uçurymlary, ýaşlar we uly ýaşly hünärsiz raýatlar bilen hünäre ugrukdyryş wagyz-nesihat çärelerini geçirmek;
— hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlaýan hünär bilimi edaralary üçin, okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet we okuw-önümçilik işlerine degişli ugrukdyryjy we gözükdiriji hatlary, düzgünnamalary, buýruklary taýýarlamak we olaryň talabalaýyk ulanylyşlaryna gözegçilik etmek;
— Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde hünär okuwlary boýunça okuw meýilnamalaryny, okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny, usuly okuw gollanmalaryny işläp düzmekligi guramak we olara gözegçilik etmek;
— Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde hünär-tehniki okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we önümçilik okuwynyň ussalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwlary guramak;
— hünär-tehniki okuw mekdeplerinde döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, mugallymlar we önümçilik okuwynyň ussalary bilen üpjünçiligine, öwredilýän hünärler boýunça maddy-tehniki binýadyna degişli edaralara, kärhanalara gerek bolan (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) hünärli işgärleriň we tölegli okuwlaryň işine gözegçilik etmek we degişli hasabatlary we maglumatlary alyp, olary seljermek;
— hünär-tehniki okuw mekdeplerinde edaralaryň, kärhanalaryň talapnamalaryna laýyklykda hünär alan uçurymlaryň işe ýerleşdirilişi barada maglumatlary almak we seljermek;
— bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça başlangyç hünär biliminiň işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň Döwlet klassifikatoryny, alty okuw aýyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça hünär taýýarlygynyň işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň klassifikatoryny işläp düzmek we ýylyň-ýylyna kämilleşdirmek;
— Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky hünär-tehniki okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet, okuw-önümçilik – hünär öwrediliş işleriniň sazlaşykly gurnalyşy bilen ýerinde tanyşmak we okuw-usulyýet maslahatlary bermek;
— Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça okatmagyň häzirki zaman innowasion elektron serişdelerini giňden ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek;
— hünär-tehniki okuw mekdepleriniň maddy-tehniki üpjünçiliginiň, maksatnamalaryň talaplaryna laýykdygyny, tehniki howpsuzlygyň, arassaçylygyň, talyplaryň saglygyny goramagyň düzgünleriniň berjaý edilişini öwrenmek;
— ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hünär-tehniki bilim berýän okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän medeni bäsleşikleriň we sport ýaryşlaryň geçirilişini guramaklyga ýardam bermek;
— hünär okuwyna degişli okuw maslahatlarynyň, seminarlaryň, hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sport ýaryşlaryň, medeni bäsleşikleriň, şeýle hem hünärleriň dürli ugurlary boýunça “Hünär ussatlygy” bäsleşikleriň geçirilmegini ýola goýmak, gurnamak;
— Döwlet derejesinde geçirilýän çärelere we olaryň guramaçylyk işlerine gatnaşmak;
— hünär bilim ulgamy boýunça durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň işine gatnaşmak;
— bellenen tertipde raýatlaryň arzalaryna, şikaýatlaryna we tekliplerine seretmek hem-de berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde dogry çözgütleri öz wagtynda kabul etmek.