Ýaş suratkeşlerimiz Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazandylar
Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine Azerbaýjan Respublikasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tmýazýar.
Şu mekdebiň okuwçylarynyň birnäçesi Azerbaýjan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň guramagynda türki dilli döwletleriň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Hamsynyň täsinligi» atly onlaýn bäsleşik festiwalyna gatnaşdy. Dünýäniň dürli döwletlerinden ýaş suratkeşleriň ýüzlerçesini bir meýdança jemlän bu bäsleşikde türkmen okuwçylary medallar çemenini bagladylar.
Mekdebiň nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy Ýelena Işankulyýewa we onuň okuwçylarynyň birnäçesi döredijilik üstünligi üçin bu bäsleşigiň ýörite Diplomlaryna mynasyp boldular.
Mugallymyň şägirtleriniň birnäçesi Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki Ýaşlar merkeziniň «Dostlugyň jadysy» ady bilen yglan eden çagalaryň ertekiler bilen baglanyşykly çeken suratlarynyň V Halkara onlaýn bäsleşigine hem gatnaşyp, ýokary netije görkezdi.
Türkmenabatly suratkeşleriň «Hudaýberdi gorkak», «Akpamyk», «Ýartygulak» atly halk ertekileriniň esasynda çeken suratlary emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bäsleşikde Roza Muhammedowa birinji, Elnara Saýidowa, Jennet Hudaýberdiýewa, Mähriban Hakimowa ikinji, Aýnura Myradowa, Kerim Işankulyýew dagy üçünji orunlara mynasyp boldular. Suratkeşlere bäsleşigiň medallary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.