Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparynyň işi Almatydaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylyp bilner

Image description

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň Guramanyň Almatydaky klaster edarasynyň direktory Amir Piriç bilen geçiren duşuşygynda milli toparyň işini Gazagystanyň paýtagtyndan utgaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Häzirki wagta çenli bu toparyň işi ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar.

 

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen duşuşykda milli toparyň ÝUNESKO-nyň Gazagystandaky klaster edarasyna goşulmak meseleleri maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda bilimiň, ylmyň, medeniýetiň ösmegine, taryhy we binagärlik ýadygärlikleriniň we medeni gymmatlyklaryň goralmagyna möhüm goşant goşýan taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli topary habar berýär.

 

Taraplar şeýle hem soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellediler.

 

Amir Piriç Almatydaky edaranyň bilim, ylym we medeniýet pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde goldaw bermegi dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady. Söhbetdeşler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada ylalaşdylar.

 

Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň 42-nji Ählumumy maslahatyna gatnaşmagyň çäklerinde Pariž şäherinde iş saparynda bolýar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň işleri …