Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş secretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänamany gowşurdy.
2018-nji ýylda işe girizilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda gündogar bilen günbataryň arasynda söwda akymlaryny işjeňleşdirmekde döwrebap hyzmatlary bilen mümkinçilikleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Sanlylaşdyrylan innowasion porta ýokary derejedäki güwänamanyň gowşurylmagy bolsa, bu portuň dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“EcoPorts” barada aýdyp geçsek, bu Ýewropanyň port pudagynyň esasy daşky gurşaw başlangyjydyr. 1997-nji ýylda birnäçe işjeň portlar tarapyndan başy başlanan ulgam 2011-nji ýyldan bäri Ýewropa deňiz portlary guramasyna (ESPO) doly goşuldy. “EcoPorts”-yň esaslandyryjy ýörelgesi, portlaryň arasynda hyzmatdaşlyk we bilimleri paýlaşmak arkaly daşky gurşawy goramak we ony dolandyrmagy gowulandyrmakdyr.
Işjeň portlaryň özleri tarapyndan işlenip düzülen PERS standarty bolup, ol port pudagy üçin ýeke-täk daşky gurşawy dolandyryş standarty hökmünde özüni berkitdi.
Altyn BABYŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenbaşy Halkara deňiz …