TÜRKMEN INSTITUTY BÜTINDÜNÝÄ UNIWERSITETLER REÝTINGINIŇ SANAWYNA GOŞULDY

Image description

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «UI Green Metric» Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy. Ýadyňyzda bolsa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem bu sanawa goşulandygyny size habar beripdik.

Bu halkara reýting 2010-njy ýylda Indoneziýa tarapyndan işlenip düzüldi. Esasy 6 sany ugur, 39 görkeziji boýunça daşky gurşawy goramak we munuň bilen bagly başlangyçlara ygrarlylyk babatda dünýäniň ýokary okuw mekdepleri bu sanawa goşulýar. Bu işde ýaşyl şäherçäni döretmek we durnukly daşky gurşawy emele getirmek juda möhümdir.

Munuň özi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan öňe sürlen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen hem ýakyndan baglydyr. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Gylyçmuhammet Joraýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu barada şeýle gürrüň berdi:

— Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde — Köpetdagy etekläp oturan sebitde ýerleşmek bilen, özüniň arassa, bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen binalar toplumy we landşaft dizaýny bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara assosiasiýasynyň sanawyna goşulmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. 

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda halkara akkreditasiýany almak, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligini ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we toplanan milli tejribäniň esasynda okuw we ylmy işlerine innowasion usullary ornaşdyrmak babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem institutymyzda ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda hem zerur çäreler görülýär.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: TÜRKMEN INSTITUTY BÜTINDÜNÝÄ …