SAGLYGY DIKELDIŞ OKUW-TERBIÝEÇILIK TOPLUMYNYŇ ÇAGALARYNA TÄZE ÝYL SOWGATLARY GOWŞURYLDY

Image description

28-nji dekabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Aşgabat şäherinde ýerleşýän Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyna baryp, şol ýerdäki çagalara Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdylar. Çagalar üçin garaşylmadyk sowgatlar halkara uniwersitetde hereket edýän Talyplar geňeşiniň agzalary, DÖM-iň ýaş ilçileri we meýletinçiler tarapyndan taýýarlandy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dekabr aýynyň başynda yglan edilen «Arzuw agajy» taslamasyna laýyklykda, Täze ýyl arçasynyň şahajyklarynda 600-den gowrak çaganyň ady we maglumatlary kagyzjyga ýazylyp ýerleşdirildi. Olary saýlan talyplardyr professor-mugallymlar çagalara baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar.

Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň çagalaryna Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Uniwersitetiň talyby, DÖM-iň ýaş ilçisi Şabibi Bäşimowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, haýyr-sahawat çäresi hakynda şeýle gürrüň berdi:

— Çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyran bu baýramçylyk çäresine gatnaşanyma örän şat we şeýle işleri alyp barýandygymyza buýsanýaryn. Şunuň ýaly asylly işler uniwersitetimiz döredilenden we BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibi durmuşa geçirilip başlan gününden bäri alnyp barylýar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: SAGLYGY DIKELDIŞ OKUW-TERBIÝEÇILIK …