Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gutardyş synplaryň okuwçylary üçin tanyşdyryş we hünäre ugrukdyrmak duşuşyklaryny geçirdiler
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Aşgabadyň we ýurduň welaýatlarynyň gutardyş synplarynyň okuwçylary üçin tanyşdyrylyş we hünäre ugrukdyrmak duşuşyklaryny geçirdiler.
Duşuşyklar Mary, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde ýerleşýän birnäçe umumybilim berýän mekdeplerde geçdi. Paýtagtyň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary ýokary okuw mekdebinde 19-njy maýda bolan «Açyk gapylar gününe» baryp gördüler.
Inžener tehnologiýalary babatyndaky geljekdäki hünärmenler talyp bolmaga taýýarlanýan okuwçylary ýokary okuw mekdebiniň gurluşy, onda geçirilýän dürli medeni we sport çäreleri bilen tanyşdyrdylar. Ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan ylmy-önümçilik işjeňligine aýratyn üns berildi. Şu jähtden talyplaryň ylmy işleriniň we işläp düzmeleriniň sergisiniň açylandygyny belläp geçmelidiris.
Okuwçylar, öz gezeginde, geljekde Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hataryny doldurmaga uly gyzyklanma we isleg bildirýändiklerini beýan etdiler.