Meşhur ssenarist we režissýor Saýmon Gillard Türkmenistanda ussatlyk sapagyny geçirer
26-njy maýdan 4-nji iýun aralygynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Ýewropa kinofilmleriniň görkezilişini we surata düşürmek, şeýle hem dokumental filmleri taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklarynyň birnäçesini geçirer.
Çäreler Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda geçer.
Mälim bolşy ýaly, ussatlyk sapaklarynyň birini fransiýa-belgiýaly ssenarist we režissýor, operator-goýujy Saýmon Gillard geçirer. Öz filmlerinde Saýmon uzakda ýerleşen ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary barada, olaryň medeniýetini, ýaşaýyşyny we şol halklaryň diliniň aýratynlyklaryny gürrüň berýär.
Onuň işleri Kann kinofestiwalynyň baýragyna, Ýewropanyň köne we dokumental kinosyna bagyşlanan iň meşhur italýan festiwaly bolan dei Popoli Festiwalynyň baýragyna, dokumental we gysga metražly filmleriň halkara festiwaly Zinebi-niň baýragyna, dokumental kinonyň halkara festiwaly Cinema du reel-iň, fransuz-dilindäki filmleriň halkara fewstiwaly Namýure Fiff Namur-yň we beýlekileriň baýraklaryna mynasyp boldy.
Surata düşürmek we dokumental filmleri öndürmek boýunça ussatlyk sapagy Türkmenabatda 27-nji maýda sagat 10-da Ýüpek Ýoly otelinde bolar.
Oňa gatnaşmak üçin öňünden hasaba alynmaly we bäsleşigiň seçiminden geçmeli. Isleg bildirýänleriň surat düşürmekde, kino- we şekilli önümçilikde tejribesi bolmaly. Saýlanyp alnan dalaşgärlere habarnama ugradylar.