Medeni mirasymyzy öwrenmekde  sanly ulgamyň ähmiýeti

Image description

Berkarar döwetiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermäge, olary öz ugrundan baş çykarýan kämil hünärmenler edip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Bu gün ýurdumyzda innowasion ösüşi çaltlandyrmak, şol bir wagtda internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalaryna giň gerim bermek bilen, pudaklara sanly ykdysadyýeti işjeň ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy maksatlary “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” öz beýanyny tapýar. Döwletiň ösüşi ilki bilen, onuň ylym we bilim ulgamlarynyň derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň bilen baglylykda jemgyýetde ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň biri bolup durýar.  
Wirtual giňişlik bu häzirki zaman tehnologiýasynyň iň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Eýsem, wirtual giňişlik ýa-da VR näme? Adyndan belli bolşy ýaly, hyýaly giňişlik, ýagny ýörite kompýuter programmalary ( SketchUp, AutoCAD, 3Dmaxs, Blender, Houdiny) üsti bilen döredilen giňişlige aýdylýar. VR tehnologiýalary häzirki döwürde esasan hem arhitekturada we inženerçilikde has giň ulanylýar. Emma, soňky ýyllarda taryh ylmynda hem ymykly ornaşyp, arheologiýa we etnologiýa derslerini has içgin öwrenmäge esas berýär.
 Arheologiýa ylmynda geçirilen gazuw-barlag işleriniň her tapgyrynda, tapylan tapyndylary hasaba alyp, tapylan ýeriniň koordinatalaryny ýörite shemada-kartada bellemeli, bu bize şol ýadygärlik taşlanyp gidilen wagtyny we tapyndylaryň asyl nusgasyny dikeltmäge ýardam edýär. XX asyrda arheologiki gazuw-barlag işleri geçirilende barlag şurfuny hem-de tapylan tapyndylary surata geçirmeli we tapyndynyň koordinatasyny bellemeli-di, indi bolsa surata düşürmek ýa-da 3D skanirlemek arkaly hasaba alyp bileris. Netijede, alnan suratyň esasynda takyk ölçegler bilen 3D sudury dikeldilýär, soňra bolsa üstünde işläp, onuň başdaky ýagdaýyna getirilýär.
Etnologiýa ylmynda halklaryň medeni ýadygärliklerini ýagny, jaýlaryny, öý we zähmet gurallaryny, eşiklerini, bezeg şaý-seplerini we ş.m. 3D sudurda ýasap bolýar. Wirtual muzeýleriň wezipesi elektron enjamlaryň kömegi bilen, şol ýere barmazdan aýlanmakdan we özüňe gerekli maglumatlary elýeterli etmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde wirtual muzeýleriň-360  ̊ panorama , AR muzeý, VR muzeý şeýle hem web muzeý görnüşleri giňden ýaýrandyr. Wirtual web muzeýe başgaça elektron muzeý hem diýilýär. Sebäbi ol özünde degişli kategoriýalar boýunça gerekli maglumatlary , muzeý gymmatlyklarynyň 3D şekillerini  jemleýär. Bu ugurda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetinde Arheologiýa we etnologiýa muzeýiniň web sahypasyny döretmek barada degişli işler alnyp barylýar we häzirki wagtda çenli 60-dan gowrak tapyndynyň 3D şekilleri we 4 sany taryhy medeni ýadygärligiň 3D sudury işlenildi.
Ýurdumyzda görüşi we eşidişi pes, maýyp hem-de saglyk ýagdaýy sebäpli kynçylyk çekýän adamlara döwlet tarapyndan dürli ýeňillikler hem-de goşmaça kömekler berilýär. Medeni mirasymyzy öwrenmelik hem diňe bir sagdyn adamlar üçin däl-de, eýsem maýyplar üçin hem elýeterli bolmalydyr. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu meseläniň çözülmegine getirer. Eşidişi pes adamlar üçin taryhy ýadygärlikleriň esasynda döredilen AR we VR programmalaryň ulanylmagy olara berilýän gürrüňi diňlemäge mätäç bolmazdan, wirtual gezelençde gerekli maglumatlary okamak ýa-da wideolary görmek arkaly alyp bolýar. Maýyp adamlara-da taryhy öwrenmäge bolan höwesini kangatlandyrmak üçin sanly muzeýleriň we wirtual gezelençleriň peýdalanmagy olara barmazdan gezelenç etmäge, gyzkly maglumatlary özleşdirmäge we dürli amallary ýerine ýetirmäge kömek edýär.  
 Goý, baky berkarar döwletimizde ylym-bilimi ösdürmekde ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Atael Astanow

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeni mirasymyzy öwrenmekde …