Hukukçy talyplar bilen täsirli okuw sapagy geçirildi

Image description

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halypa mugallym Gülsenem Hommadowa Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary bilen 1-nji senýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy boýunça giňişleýin okuw sapagyny geçirdi.

Sapagyň dowamynda mugallym hukukçy talyplara, Gahryman Arkadagymyzyň okuw ýylynyň başyndaky Arkadag şäherinde eden täsirli çykyşy we ýurdumyzyň ösüşleri şeýle hem, Watanymyzy gülledip ösdürmekde ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Gülsenem Hommadowa bu günki okuw sapagynda talyplar bilen golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi barada hem söhbet etdi.

Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar halypa mugallyma geçilen sapak boýunça özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüzlendiler.

Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge we kämilleşmäge döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Altyn BABYŞOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara  gatnaşyklary  institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hukukçy talyplar bilen …