Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Merkezi Aziýa döwletleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda rus dili boýunça halkara ders olimpiadasyny geçirer. Bu barada ýokary okuw mekdebi "ORIENT-e" habar berdi.
Ders bäsleşigine Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrzgyzystandan talyp ýaşlar gatnaşyp bilýärer. Oňa gatnaşmak isleýänler 30-njy noýabra çenli institutyň resmi web-saýty arkaly özlerini hasaba onlaýn hasaba aldyrmalydyr. Olimpiada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan islendik talyp gatnaşyp biler.
Ders olimpiadasy bellenen tertipde institutyň resmi web-saýty arkaly (datmddi.edu.tm) 6-7-nji dekabrda bir aýlaw boýunça geçiriler. Olimpiada gatnaşjak talyplar üçin ýumuşlar we testler institutyň sanly internet portalynda ýerleşdiriler.
Olimpiadanyň ýeňijileri 9-njy dekabrda institutyň web-saýtynda yglan ediler. Ýeňijiler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň diplomlary bilen sylaglanar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Dünýä dilleri institutynda …