Buýsançdan doly kalplar

Image description

Asuda ýurdumyzda ylym bilen gyzyklanýan ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl birnäçe bäsleşikler geçirilýär. 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlenip ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraldy.

Bu ylmy bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

Geçirilen bäsleşikde köp sanly gatnaşyjylaryň arasyndan 67-si ýeňiji boldy. Şolaryň hatarynda özümiň hem bolmagym meni diýseň buýsandyrdy hem guwandyrdy. Şol bir wagtyň özünde-de bu ýeňşim meni täze gözleglere we üstünliklere ruhlandyrdy.

Biz ýaşlara ylym dünýäsine çuň aralaşyp öz başarnyklarymyzy açyp görkezmäge şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutmly işleri rowaç alsyn.

Gülsenem HOMMADOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Buýsançdan doly kalplar