«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçiriler

Image description

12-13-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada 20-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlardyr professorlaryň gatnaşmagynda geçirjek halkara maslahatynyň çäklerinde häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem sanly ykdysadyýeti, ekologiýany, saglygy goraýşy we derman senagatyny, logistikany, suw diplomatiýasyny, oba hojalygyny, nebitgaz pudagyny, nanotehnologiýalary, energetikany, ynsanperwer ylymlary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.   

Döwlet Baştutany halkara maslahatlaryň tejribe alyşmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmyny giňden tanatmaga, onuň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýändigini belläp, ylmyň, tehnikanyň dürli ugurlarynda düýpli we amaly barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam berjek bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Berkarar döwletiň täze …