BAE-niň Diplomatik akademiýasynyň baş direktory Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi

Image description

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hormatly myhmany boldy.

Saparyň çäklerinde myhmanlar institutyň okuw studiýasyna baryp gördüler. Bu ýerde talyplar myhmanlara studiýada alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, myhmanlar institutyň metbugat otagy, durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanyşdylar. Şeýle hem institutyň uly mejlisler zalynda institutyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmat Al-Haý Al-Hameli iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar we onuň taryhy barada durup geçdi.

Nikolaý Mladenow öz çykyşynda iki diplomatik ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we olaryň geljegi barada belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: BAE-niň Diplomatik akademiýasynyň …