Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dünýäniň medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklaryny öz içine alýan ajaýyp baýramçylyk konsertini geçirdi.
Konsertiň çäklerinde dilçi talyplaryň dünýäniň dürli ýurtlarynyň Täze ýyl däp-dessurlary baradaky gürrüňlerine we dünýä dillerindäki gutlaglaryna uly orun berildi. Bulardan başga-da, konsertde dünýä döwletleriniň tanslary ýerine ýetirildi.
Täze ýyl baýramçylygynyň dünýä döwletlerinde garşylanyşy dogrusynda şol institutyň rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Mariam Orazowa şeýle gürrüň berdi:
— Germaniýada Täze ýylda «Dört ýaprakly ýorunjanyň» şekilini bagtyň we umydyň nyşany hökmünde sowgat berýärler. Okaraňygetirsüýtbereýiniň şekilini saglygyň we goragyň nyşany hökmünde sowgat berýärler.
Ispaniýada Täze ýyl güni şäheriň Baş arçasynyň ýanyna üýşüp, ýary gijä sanlyja sekunt galanda, üzümiň 12 sany dänesini geljek ýylyň her aýyna bir arzuw edip iýýärler. Bu bolsa ispanlaryň ynanjyna görä, ýylyň her aýy üçin edilen arzuwlaryň myradyna gowuşmagyna getirýär.
Italiýada adamlar öz dogan-garyndaşlary bilen Täze ýyl saçagynyň başynda üýşýärler we gyzyl reňkli eşikleri geýýärler. Sebäbi, italýanlaryň yrymyna görä, gyzyl reňk şowlulyk getirýär. Täze ýylyň gelmegine sanlyja minutlar galanynda merjimek iýýärler. Merjimek italiýalylara rysgal getirýär diýip yrym edýärler.
Fransiýada Täze ýylda kitap sowgat bermek däbi bar. Bu däp gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar.
Angliýada çagalar agşam ýatmazdan ozal, peçden, penjireden joraplaryny asyp, Aýaz babanyň sowgat bermegini yrym edýärler.
Rus halkynda Täze ýylyň ertesi güni 17 adama süýjülik we miwelerden hödür-kerem edýärler. Muňa olar zähmet üstünliklerini getirýär, gujur-gaýrat berýär diýip yrym edýärler.
Koreýada Täze ýyl güni milli lybasy bolan hanbogy geýmeklik däbi bar. Olar dogjak ilkinji güni synlamak üçin Täze ýyl agşamy deňziň kenaryna gidýärler. Täze ýyl ertirliginde «tokguk» atly milli naharlaryny iýmeklik hem öňden gelýän däpleridir. Koreýler bu nahary iýseň, ömrüňi uzaldýar diýip yrym edýärler. Täze ýyl güni bütin maşgala üýşüp, koreý milli oýunlaryny oýnamagy hem halaýarlar.
Ýaponlar 108 gezek jaň kakyp, Täze ýylyň gelenini buşlaýarlar. Buddistleriň ynançlaryna görä, jaňyň her zarbasy, adama abanýan howplardan goraýar diýip ynam edýärler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: AŞGABATDAKY DILÇI TALYPLAR …