ABU-DABIDÄKI UNIWERSITET TÜRKMEN ÝAŞLARYNY TALYP HAKLY OKUWLARA ÇAGYRÝAR

Image description

 

Muhammed Bin Zaýed emeli intellekt uniwersiteti daşary ýurtly talyplary, şol sanda türkmenistanly dalaşgärleri magistratura we aspirantura talyp we diňleýji hakly okuwlara çagyrýar.

Uniwersitete kabul edilen talyplara aýlyk talyp haklary berler. Bulardan başga-da, tölegsiz okuw we uniwersitet şäherçesindäki umumy ýaşaýyş jaýy, saglyk ätiýaçlandyryşy, BAE-de ýaşamak üçin wiza we başga-da birnäçe ýeňillikler üpjün ediler. Dalaşgärleriň arzalary 30-njy aprele çenli kabul edilýär.

Arzalary tabşyrmak üçin şu ýere basyň! Maksatnama bilen doly tanyşmak isleseňiz, şu ýere basyň!

Ýeri gelende bellesek, Muhammed Bin Zaýed emeli intellekt uniwersiteti emeli intellekt ugruna ýöriteleşdirilen dünýädäki ilkinji uniwersitetdir.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ABU-DABIDÄKI UNIWERSITET TÜRKMEN …