Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek hem-de oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýer ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara olimpiadalar barada hem hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara olimpiadalara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň hem abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän halkara olimpiadalaryň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýer N.Amannepesowa olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2024-nji ýylda Arkadag …