2023-nji ýylda ministrlikleriň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň teklipleri esasynda, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek işi guraldy. Bu barada Hökümetiň 4-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamyny okgunly ösdürmäge hem-de ylmyň dürli ulgamlarynda işlejek ýaş alymlary taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Ýurdumyzyň ylmy we intellektual kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga, möhüm ugurlarda düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2023-NJI ÝYLDA ASPIRANTURA, …