Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Ýokary we orta hünär bilimi

Ýokary we orta hünär bilimi

Ýokary we orta hünär bilim bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we orta hünär bilimi ulgamy boýunça kesgitlän syýasatyny durmuşa geçirýär.

Ýokary we orta hünär bilim bölümi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Bilim hakynda Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda hem-de Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnamalary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny goldanýar.

Bölümiň esasy maksatlary:

- ýokary we orta hünär bilimini kämilleşdirmäge gönükdirilen umumy döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

- jemgyýetiň ýokary we orta hünär bilimli hünärmenlere we ýokary taýýarlykly ylmy-mugallymçylyk işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak;

- ýokary we orta hünär bilimi boýunça döwlet bilim standartlaryny işläp düzmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

- talyp ýaşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, onuň halkyna we Prezidentine bolan belent söýgini terbiýelemek.

Bölümiň esasy wezipeleri:

- Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işlerini utgaşdyrmak;

- ýokary we orta hünär bilimi çygrynda döwlet syýasatyny işläp düzmäge gatnaşmak we ýerine ýetirilişini üpjün etmek;

- ýokary we orta hünär biliminiň döwlet bilim standartlaryny işläp düzmek boýunça işleri guramak;

- ýokary we orta hünär biliminiň kadalaşdyryjy-hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak;

- pudaklaýyn degişliligine garamazdan, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuw-usuly ýolbaşçylygy alyp barmak;

- Döwlet Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplyga, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepaly talyplary terbiýelemek boýunça işlere ýolbaşçylyk etmek;

- Maliýeleşdiriş we ykdysady seljeriş bölümi bilen bilelikde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wezipe birliklerini işläp düzmeklige gatnaşmak;

- ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri hem-de Bilim ministrliginiň degişli bölümleri bilen bilelikde, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň hünärmenlere bolan isleglerini öwrenmäge, hünärmenleri taýýarlamagyň çaklamalaryny işläp düzmäge gatnaşmak;

- Türkmenistanyň raýatlaryny döwlet ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň umumy düzgünleriniň taslamasyny işläp taýýarlamak;

- pudaklaýyn degişliligine garamazdan, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşmak;

- ýokary we orta hünär bilimi baradaky resminamalaryň nusgalaryny işläp düzmek;

- Halkara hyzmatdaşlygy bölümi hem-de Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň tertibi boýunça iş alyp barmak;

- ýokary we orta hünär bilimi ulgamyna degişli kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň taslamalaryny işläp düzmeklige gatnaşmak hem-de ýokary we orta hünär bilimi ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

- ýokary we orta hünär biliminiň ýagdaýy we ösüşi barada maglumat ulgamyny döretmek, seljermek, çaklamak we kämilleşdirmek;

- professor-mugallymlaryň we  talyplaryň arasynda okuw, usuly, ylmy we döredijilik ugurlary boýunça bäsleşikleri geçirmek we guramaçylyk-usuly ýolbaşçylygy ýerine ýetirmek;

- bellenen tertipde raýatlaryň arzalaryna, şikaýatlaryna we tekliplerine seretmek hem-de berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde dogry çözgütleri öz wagtynda kabul etmek.




Magtymguly adyndaky TDU
Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly 31, (99312) 94-57-25
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Aşgabat ş., Aba Annaýew köç.,47, (99312) 36-84-74
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Aşgabat ş,. 1958 (Andalyp) köçesi, 169j., (99312) 39-85-81
Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Aşgabat ş,. Arçabil şaýoly 8, (99312) 39-13-00
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
Ashgabat ş,. Baba Annanow köçesi, 136-njy jaý, (99312) 28-18-00
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Aşgabat ş,. 1972-nji (Atatürk) köçesi 73-nji jaýy, (99312) 48-62-31
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
Aşgabat ş,. Magtymguly şaýoly 68, (99312) 94-21-79
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
Aşgabat ş,.Görogly köçesiniň 43-nji jaýy, (99312) 34-01-84
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
Aşgabat ş,. Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 40-njy jaýy, (99312) 22-65-40
Türkmen döwlet maliýe instituty
Aşgabat ş,. 1987 köç (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112, (99312) 49-63-09
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Aşgabat ş,. Arçabil şaýoly, 18-nji jaýy, (99312) 48-98-51
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Aşgabat ş,. Köşi köçesi, 100-nji jaýy, (99312) 39-16-00
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy
Aşgabat ş,. 1984 köç., 22, (99312) 92-31-37
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Mary ş., Baýram han köçesi 62, (993522) 5-75-02
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
Türkmenabat ş., Şabende köç., 7, (993422) 3-65-87
Türkmen oba hojalyk instituty
Daşoguz ş, Ruhnama köç ., 94, (993322) 9-27-47
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Senagat köçesi, 51-nji jaý
Türkmen döwlet medeniýet instituty
Aşgabat ş., 1945 (10 ýyl Abadançylyk) köçesi, 114
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy
Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köçesi, 90-njy jaý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty
Aşgabat ş,. Galkynyş köçesi 25, (99312) 22-69-63