Dashoguz agro-industrial secondary vocational school of the Turkmen Agricultural Institute.

Daşoguz şäheri, Ýolçy köçesi.


Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde
hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça alnyp barylýan okuwlar barada
MAGLUMAT

 

  1. Oba hojalyk, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; agronomçylyk; oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy).
  2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: buhgalterçilik hasaba alnyşy, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda).
  3. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: weterinariýa).
  4. Amaly geologiýa, dag işi, nebit gaz işi we geodeziýa (hünärler: ýer ulanylyşy).
  5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumat ulgamlary (oba hojalygynda).

Okuwalara isleg bildirýänler üçin!
Mekdebe Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl hem- de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde kabul edilýär. Goşmaça resminamalar mekdebiň resmi agrodz@online.tm poçtasynyň üsti bilen hem kabul edilip biliner.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 möçberde sekiz sany foto surat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça  harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen oba hojalyk insititutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Daşoguz ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • hünärler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; ýer ulanylyşy; maglumat ulgamlary (oba hojalygynda); oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: agronomçylyk; weterinariýa - biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: buhgalterçilik hasaba alnyşy, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda) - matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.  

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikleri ýa-da okuw dersleriň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäslikşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk insititutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz şäheri, Ýolçy köçesi, 370; tel.: 6-45-58.