Technical secondary vocational school of the state concern "Turkmenhimiya" in the city of Turkmenabat

Türkmenabat şäheri, Amul şäherçesi, Dostluk köçesiniň 20-nji jaýy.


“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi
Taýýarlygyň aşakdaky hünärleri boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat

  1. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  2. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  5. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  7. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  8. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  9. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  10. Senagat we raýat jaý gurluşygy, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;
  11. Gurluşyk-ýol maşynlary we enjamlary, okuwyň möhleti-2,5 ýyl;

Okuwa isleg bildirýänler üçin!

Okuwa Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty
  • 3x4 sm möçberindäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadamamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça :

  • himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak; organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy hünärleri-himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • galan ähli hünärler-fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýar.

Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat şäheri, Amul şäherçesi, Dostluk köçesiniň 20-nji jaýy. tel.: 7-17-25; 7-91-04 Faks: 7-17-25