Publishing and printing vocational school of the state publishing service of Turkmenistan

Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 66-njy jaýy.


Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Poligrafiýa önümçiligi.
  2. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy (neşirýat pudagynda)
  3. Neşirýat işi.

Okuwa isleg bildirýänler üçin!

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy.
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär.

  • hünärler: poligrafiýa önümçiligi; tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy; – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
  • hünär: neşirýat işi; – türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 66-njy jaýy. Tel:22-33-89, 22-16-99.