Maritime vocational school of the city of Turkmenbashi

Döwletmämmet Azady köçesi,75.


Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi
Taýýarlygyň aşakdaky hünärleri boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat

  1. “Gämi sürmeklik”. 2ýyl 6aý
  2. Gämi energetiki gurluşlarynyň ulanylyşy. 2ýyl 6aý
  3. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi. 2ýyl 6aý
  4. Gämi gurluşygy. 2ýyl 6aý
  5. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 2ýyl 6aý
  6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit. 2ýyl 6aý
  7. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy. 2ýyl 6aý
  8. Tehnologik prosessleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy. 2ýyl 6aý
  9. Logistikada operasion işi. 2ýyl 6aý
  10. Myhmanhana hyzmatlary. 2ýyl 6aý
  11. Maglumaty gorap saklamagyň tehnologiýasy. 2ýyl 6aý 

Okuwlara isleg bildirýänler üçin!

Okuwa Balkan welaýatynda ähli welaýatlarda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza
  • Bellenen nusgada üç arka (elektron nusgada), sowalnama (anketa).
  • Umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy
  • Türkmenistanyyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy 
  • Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama
  • Bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty
  • 3x4 santimetr ölçegde 8 sany foto surat
  • Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi
  • Şahsy pasportynyň göçürmesi
  • Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenbaşy şäherinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Döwletmämmet Azady köçesi,75 telefon belgisi 8(243) 47515, 47778, 47779

e-mail: gämisurijiler@gmail.com.

web-sayt: dohom.edu.tm/tk