Mechanical and Technological Vocational School of Ashgabat of the Ministry of Textile Industry of Turkmenistan

Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. 


Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika - tehnologiki orta hünär okuw mekdebi
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
  2. Dokma önümçiligi.
  3. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
  4. Süýümleri egirmegiň tehnologiýasy.
  5. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  6. Marketing.
  7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  8. Dokma materiallaryň himiki tehnologiýasy we abzallary.
  9. Dokma senagatynyň elektroabzallary we elektrohereketlendirijileri.
  10. Maglumaty işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
  11. Dokma we ýeňil senagatyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek.
  12. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak.
  13. Dizaýn (egin-eşigiň dizaýny).

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3х4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synagalary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde geçirilýär:

Giriş synagalary ähli hünärler boýunça matematika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. Tel: 36-49-20, 36-04-16.