Vocational school of oil and gas at the state concern "Turkmengas" of Mary

Mary şäheri Kemine köçesiniň 33-nji jaýy; 


“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi
Orta hünär bilimi bölümimiň hünärleri boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat

 

Hünärmenleri taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça: 

  1. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak. 2,5 ýyl
  2. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak. 2,5 ýyl
  3. Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak. 2,5 ýyl
  4. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek. 2,5 ýyl
  5. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar. 2,5 ýyl
  6. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak. 2,5 ýyl
  7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary. 2,5 ýyl
  8. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi. 2,5 ýyl
  9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy. 2 ýyl
  10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (nebit-gaz pudagy boýunça). 2,5 ýyl
  11. Maglumat ulgamlary (nebit-gaz pudagy boýunça). 2,5 ýyl
  12. Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy. 2,5 ýyl
  13. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak (nebit- gaz pudagy boýunça) 2,5 ýyl
  14. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy.  2,5 ýyl

Başlangyç hünär okuw bölümi 1ýyl 6 aý okuw möhletli.

Hünärmenleri taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça: 

  1. Apparat we programma üpjünçiligini sazlaýjy.
  2. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa.
  3. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehanigi.
  4. Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elekrtoslesar.
  5. Elektrik üpjünçiligi (nebitgaz pudagy boýunça).
  6. Magistral turba geçirijileriň hyzmaty boýunça ussa.
  7. Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa.
  8. Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy ussa.
  9. Nebit we gaz çykaryjy operator.
  10. Awtomehanik.
  11. Buhgalterçilik işi.

10 aý okuw möhletli.

  1. Elektromontýor.
  2. Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça slesar. 
  3. Gorag-ýangyn signalizasiýasynyň elektomontýory.
  4. Nebit-himiýa önümçiliginiň operatory.
  5. Himiki derňewiň laboranty .
  6. Nebit we gaz guýularynyň operatory.
  7. Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator.
  8. Ulag terminalynyň operatory.
  9. Dispetçer gullugynyň operatory. 
  10. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi.

Okuwlara isleg bildirýänler üçin! 

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde bellenilen senelerde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat ;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa, girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan  başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar; 

  • şahsy pasportyny;                                                                                                             
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnanasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler;                                                

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika,matematika we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär;

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýada dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler. 

Goşmaça soraglar üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň marynebitgazohom@sanly.tm resmi poçtasyna hat üsti bilen ýüz tutup bilersiňiz!

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary şäheri Kemine köçesiniň 33-nji jaýy; Tel. 4-66-65, 4-66-02, 4-66-10, 4-67-80.