Aviation personnel training school of the agency "Turkmenhowayollary"

Aşgabat ş., Aeroport.


“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Ýangyna garşy goragyň guralyşy we tehnikasy.
2. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek.
3. Awiasiýada gatnawy guraýyş.
4. Ýerüsti ulag-tehnologik serişdeler 
5. Dolandyrmagyň awtomatiki ulgamlary.
6. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy.

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. 

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusga boýunça mekdebiň başlygynyň adyna ýazylan arza; 
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— bilim barada resminama (asyl nusga); 
— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat; 
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 
— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

— şahsy pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde we welaýat merkezlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Aeroport, tel.: 23-34-21.