Mary Medical School named after S.A. Niyazov

Mary ş., Parahatlyk köçesi, 6.


S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi
Taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça býujet we tölegli esasda okuwlar barada maglumat

I. Býujet esasynda

  1. Bejeriş işi – 3 ýyl.
  2. Şepagatçylyk işi (maşgala şepagat uýasy) – 2 ,5 ýyl.

II. Tölegli esasda:

  1. Şepagatçylyk işi ( şepagat uýasy) – 2 ,5 ýyl.
  2. Bejeriş işi– 3 ýyl.
  3. Farmasiýa – 2 ýyl.
  4. Akuşerçilik işi – 2 ,5 ýyl.

 Okuwlara isleg bildirýänler üçin!

Lukmançylyk mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Mary welaýatynyň Mary şäherinde bellenen senelerde kabul edilýär. Goşmaça resminamalar lukmançylyk mekdebiň resmi mloom53@online.tm poçtasynyň üsti bilen hem kabul edilip biliner.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ; Jilt nusga
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);  Sowalnama nusga, maglumat nusga
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

okuw dersleri mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa – da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.  

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Mary ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça:

  • Himiýa;
  • Biologiýa:
  • Türkmenistanyň taryhy:  

derslerinden geçirilýär

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.  

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.  

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Mary ş., Parahatlyk köçesi, 6. tel.: 5-41-52, 5-42-49.