Balkanabat oil vocational school of the state concern "Turkmennebit" of Turkmenistan

Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 11.


“TÜRKMENNEBIT” DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Senagat we raýat jaý gurluşygy. 
  2. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 
  3. Nebit we gaz guýularyny burawlamak.
  4. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
  5. Nebitgaz guýularyny düýpli abatlamak.
  6. Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak. 
  7. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi. 
  8. Nebit we gaz känleriniň geologiýasy we agtarylmasy.
  9. Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek.
  10. Buhgalterçilik hasaby alnyşy we audit. 
  11. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
  12. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
  13. Kompýuter ulgamlary we toplumlary. 
  14. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 
  15. Amaly geodeziýa.
  16. Nebiti we gazy gaýtadan işlemek.
  17. Logistikada operasion işi
  18. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. 

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 

Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 

okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

  • şahsy pasportyny; 
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde (Balkanabat ş.). 

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: 

  • hünärler: himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek; nebiti we gazy gaýtadan işlemek — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; 
  • beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 11, tel.: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26, 7-01-16, 7-01-24, 7-01-18, 7-01-14.